Ýeralma hakynda

Ýeralma köp adamlaryň gowy görýän we halaýan azyk önümleriniň biridir. Ýeralmanyň mekany günorta Amerikada Peru döwleti hasaplanýar. Bu ekin mundan 7 — 10 müň ýyl ozal ekilip başlanypdyr. Täze ýeralma gaýnadylyp, gowrulyp iýilýär. Tehniki ekin hökmünde ol spirt, krahmal almak üçin peýdalanylýar.
Ýeralmanyň düzüminde С 12; РР 0,57; В10,11; В2 0,66; B6 0,22 ýaly ýokumly witaminler bar. Bu bolsa adamynyň immun ulgamyny kuwwatlandyrýar. Şeýle hem ýeralmanyň 80 göterimi suwdan ybaratdyr. Alymlar ýeralmada sinkiň, bromyň, marganesiň, ýoduň, boruň, demriň, magniniň, kalsiýniň we beýeki mikroelementleriň bardygyny aýdýarlar.
Dünýäde bu ekini ösdürip ýetişdirmekde Hytaý we Hindistan öňdebaryjy ýurtlar hasaplanylýar. Adatça ýeralmalary azyklyk hökmünde 5-6 aý saklamak mümkin. Şondan soňra bu önüm özüniň ýokumlylygyny ýitirýär.