La Ligada çempionlyk üçin göreş güýçlenýär

Maý 7, 2025 - 17:54
La Ligada çempionlyk üçin göreş güýçlenýär

Ispaniýanyň milli futbol çempionatynyň 34-nji tapgyrynda çempionlyk üçin bäsleşýän iki öňdebaryjy toparlary – “Barselona” bilen “Real Madrid” ýeňiş gazanmagy başardy, emma ýeňiş gazanmak aňsat düşmedi.

“Barselona” aşaky orundaky “Walýadolid” bilen duşuşykda 1-nji ýarymda 6-njy minutda Iwan Sançesiň goly bilen yza galdy. Şeýle-de bolsa, katalonlar 2-nji ýarymda täsirli oýun görkezdi we Rafinýanyň (54') hem-de Fermin Lopesiň (60') geçiren gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Şol bir wagtda “Real Madrid” öz meýdançasynda “Selta” bilen duşuşdy. Madridiň wekilleri ilkinji 50 minutda güýçli hüjüm bilen çykyş edip, Arda Güleriň (33') we Mbappeniň (39', 48') gollary bilen 3-0 hasabynda öňe geçdi. Emma Karlo Ançelotti Raul Asensiony oýundan çykarandan soň, topar oýnuň ahyrynda basyş bilen ýüzbe-ýüz boldy. “Selta” Rodrigesiň (69') we Swedbergiň (76') gollary bilen aratapawudy azaltdy. Soňky pursatlara çenli güýçli garşylyk dowam etsede, “Real Madrid” 3-2 hasaby bilen ýeňişi özünde saklady.

Netijede, “Real Madrid” “El Klasiko” duşuşygynyň öň ýanynda “Barselona” bilen arasyndaky 4 utuklyk tapawudy gorap saklamagy başardy.

La Liganyň 35-nji tapgyrynyň iň uly duşuşygy 11-nji maýda geçiriler. “Barselona” öz meýdançasynda esasy garşydaşy “Real Madridi” kabul eder. Janköýerleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan oýny ýerli wagty bilen sagat 19:15-de başlanar.

“Amul Info” web saýty bilen galyň — ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän täzelikler, ylmy makalalar hem-de gyzykly maglumatlar bilen her gün tanyş boluň! Abuna bolmagy ýatdan çykarmaň.