Bizi näme hereketlendirýär?

Biziň şadyýanlygymyz, gamgynlygymyz, howsalalarymyz, nerw dartgynlylygymyz, umuman, duýgular dünýämiz hem beýnimiz bilen berk baglanyşykly. Şu nukdaýnazardan-da, gaharlanmagymyz, gamlanmagymyz ýa-da nerw dartgynlylykda bolmagymyz beýnimiziň nämedir bir zady öwrenmegine päsgel berýär. Hut şonuň üçin hem alymlar, biz haçan-da şadyýan ýa arkaýyn mahalymyz islendik zady çaltlyk bilen öwrenip, özleşdirip hem uzak möhletleýin ýadymyzda saklap biljekdigimizi tekrarlaýarlar. Duýgular dünýämizden başga-da, beýnimiziň öwreniş hem netijä geliş döwrüni kämilleşdirip biljek birnäçe fiziki deliller hem bar. Olaryň biri-de, arassa suw içmekdir. Bu neýronlaryň arasyndaky geçiş şahalarynyň guramazlygy üçin derwaýys. Arassa suwuň ýeterlik derejede kabul edilmezligi, diňe bir beýnimize zyýan ýetirmek bilen çäklenmän, bu ýagdaý bedenimizde duzuň mukdarynyň artmagyna we gan basyşymyzyň ýokarlanmagyna, netijede, nerw dartgynlylygymyzyň güýçlenmegine getirýär. Beýni üçin proteiniň, ýagyň, uglewodyň, gök we bakja önümleriniňdir miweleriň, şeýle-de süýjiniň ýeterlik mukdarda kabul edilmegi hökmany. Şonuň üçin kadaly we sagdyn iýmitlenmek beýnimiz üçin zerurdyr. Käbir ýagdaýlarda siz hernäçe jan edýän hem bolsaňyz käbir zatlary öwrenmekde, ýa bolmasa netijä gelmekde kynçylyk çekýänsiňiz. Elbetde, bu zeýilli ahwalatyňyzyň özüne ýetesi sebäbi bardyr. Bedeniňizde süýjiniň artyk mukdarda bolmagy, aşa ýadawlyk, açlyk, aşa sowuk ýa-da gyzgyn howa bularyň ählisi biziň belli bir karara gelmegimiz ýa-da bir zady öwrenmegimiz üçin bökdençlik döredýär. Şol bir işiň başynda köp wagtlap oturmak ýa-da uzyn günläp kitap okamak hem beýnide oňaýsyz ýagdaýy emele getirýär. Islendik işde netijeliligi gazanmak isleýän bolsaňyz, hökman beýniňize dynç beriň! Edýän işiňizi bir gyrada goýup, beýniňizi az salymlyk rahatlandyryň! Ganyňyz kadaly ýörär ýaly az salymlyk hem bolsa beden maşklaryny ýerine ýetirseňiz hem-ä beýniňiz dynç alar, hemem gan aýlanyşyňy zyň sazlaşygyny üpjün etdigiňiz bolar. Käteler adamlaryň käbiriniň beýnisi dogabitdi gowşakdyr we bu ýagdaýy hiç haçan düzedip bolmaýandyr öýdýäris. Emma bu asla beýle däl. Aslyn-da, adam beýnisi elmydama hereketde bolup, täzeden-täze neýronlaryň geçiş ýollaryny döretmäge ukyply. Beýnimiziň üstüne näçe köp iş ýükledigimizçe, ol kämilleşýär. Bu hem eýýäm her bir kişiniň islendik zada akyl ýetirip, aň derejesini kämilleşdirip bilýändigini aňladýar. Çünki biz krosswordlary çözmek, okamak, saz çalmak, surat çekmek, kompýuteriň logiki oýunlaryny oýnamak arkaly beýnimizi işjeňleşdirýäris. Goý, yzygiderli türgenleşikler esasynda taplanan beýniňiz size täze eýýamyň täze açyşlaryny amala aşyrmaga ýardam etsin!