TDHÇMB-nyň söwdalarynda 290 million 656 müň 400 ABŞ dollarlyk geleşik baglaşyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 14 sany söwda geleşigi hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna geçirilen geleşikleriň çäginde Singapurdan we Owganystandan gelen işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen karbamidi hem-de hlorly natrini satyn aldylar. Şeýle hem, “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri bolan suwuklandyrylan gaz we nebit koksy ABŞ-nyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri tarapyndan alyndy.
Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna BAE-niň telekeçilerine dürli görnüşli dokma önümleri, şol sanda satin mata ýerlenildi.
Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 290 million 656 müň 400 dollaryna deň boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi 13 million 507 müň manatdan gowrak möçberde polipropilen, nebit ýol bitumy (“Türkmennebit” döwlet konserni), el halylary, aşgarlanmadyk nah mata hem-de dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.