Dzýomonlardan gaýdan sungat

Uzak taryhyň dowamynda daşary täsirlerden üzňe bolmagy ýapon sungatynyň özboluşlylygyny saklamagyna mümkinçilik beripdir. Ýöne daşky medeniýetler bilen sähel gatnaşyk hem ýapon sungatynda täze döwrüň emele gelmegine alyp barypdyr. Meselem, ýapon nakgaşlyk sungaty gözbaşyny yklymyň beýleki halklary bilen gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen alyp gaýdýar. Ýapon sungatynyň kemala geliş we ösüş taryhy Dzýomon, Ýaýoý, Kofun, Asuka we Nara, Heýan, Kamakura, Muromati, Adzuti-Momoýama, Edo we häzirki zaman sungaty döwürlerine bölünýär.

Apr 23, 2025 - 15:55
Dzýomonlardan gaýdan sungat

Dzýomon sungatynyň atlandyrylyşy Ýaponiýada ilkinji bolup mekan tutan halkyň ady bilen baglanyşykly. Halkyň ady-da olaryň öndüren keramiki gap-gaçlaryndaky nagşyň atlandyrylyşyndan gelip çykypdyr. Dzýomonlar palçykdan ýasalan dogu şekiljikleridir hrustal bezegleri bilen hem meşhurdyrlar. Ýaýoý sungatynyň atlandyrylyşy hem Ýaponiýa biraz soňrak (miladydan öňki 350 ý.) göçüp baran halkyň ady bilen baglanyşykly. Tokionyň Ýaýoý etrabynda bu halkyň ýaşan ýerleriniň harabaçylyklary tapyldy. Şeýdip ol gadymy halka we olaryň medeniýetine Ýaýoý ady berildi. Bu halk Ýaponiýa şalyny eltendikleri we bürünç jaňlary, aýlanýan tigirçekde ýasalýan we kömür peçlerde ýakylýan keramika önümleri bilen meşhurdyr. Bürünç aýnalary we haniwa atly palçyk heýkelleri bilen belli Ýaýoý döwründe ýapon milleti doly kemala gelipdir. Kofun sungaty. Ýapon sungatynyň üçünji döwri (250-552 ýý.) Ýaýoý medeniýetiniň özgermegi netijesinde emele gelip, ol şol zamanlar döredilen Kofun metal gorganlary bilen baglanyşykly şeýle atlandyrylypdyr. Asuka we Nara döwründe (552-710 ýý.) Aziýa yklymynyň halklarynyň medeniýeti Ýaponiýa aralaşyp ugraýar. Hytaý, koreý, ýapon halklarynyň arasyndaky ilkinji gatnaşyklar ýüze çykyp başlaýar. Heýan sungatynyň döwründe Ýaponiýada binagärlik ösüp, özboluşly ybadathanalar gurulýar. Kamakura döwründe bolsa sungatyň realizm görnüşi ösüp, azda-kände özgerişe sezewar bolan nusgawy ugurlar täzeden dikeldilip ugralýar. Muromati döwründe (1338-1573 ýý.) ýapon sungaty çuňňur özgerişe sezewar bolýar. Bu döwürde Sýubun, Sessýu ýaly nakgaş ruhanylar ajaýyp eserlerini döredipdirler. Sýubunyň «Bambuk tokaýlygynda», Sansuý Týokanyň «Ýy­lyň dört pas­ly­nyň peý­za­žy» ýaly eserleri örän meşhurdyr. Adzuti-Momoýama döwrüniň nakgaşlyk sungatynyň meşhur Kano mekdebiniň wekilleriniň işleriniň arasynda köşkleriň, ybadathanalaryň, äpet binalaryň gapylaryna çekilen uly göw­rüm­li peý­zaž­la­ry my­sal getirmek bolar. «Hytaý ýolbarslary» atly Eýtoku germewlere çekilen suratlar şol döwrüň sungatynyň ajaýyp nusgalary hökmünde bellidir. Edo döwründe ýapon şekillendiriş sungatynda Ukiýo-e ýoly uly ösüşe eýe bolupdyr. Häzirki zaman ýapon sungaty bolsa milli aýratynlyklar bilen bir hatarda döwrebap täzeçillikleri-de beýan edýär. Bu bolsa ýapon sungatynyň depginli ösüşlere eýe bolmagyna ýardam edýär.