"Türkmenistan" awiakompaniýasy 1-nji maýdan Moskwa we Kazana gatnawlaryny dikeldýär
Turkmenistan Airlines

"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlaryny täzeden dikeldýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Täzeden dikeldilýän ugry boýunça uçuşlar yzygiderli amala aşyrylar.
Biletleriň satuwy eýýäm başlandy. Ýolagçylar biletleri awiakassalardan satyn alyp bilerler diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy mälim edýär.