Tomusky dynç alyş möwsümi üçin Balkan welaýatyna ulag gatnawlaryň sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär

Maý 2, 2025 - 16:22
Tomusky dynç alyş möwsümi üçin Balkan welaýatyna ulag gatnawlaryň sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär

2025-nji ýylyň 1-nji maýyndaTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk çärelerine aýratyn üns berildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, agentligiň garamagyndaky myhmanhanalarda dynç alýanlara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek boýunça degişli çäreler görülýär.

Tomus möwsüminde ýolagçy gatnawlaryny üpjün etmek maksady bilen, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugurlary boýunça goşmaça otly gatnawlary giriziler. Şeýle-de Balkanabat Halkara howa menzili bilen Türkmenbaşy, Awaza ugurlarynda, şeýle hem Aşgabat — Awaza ugurlary boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary guralar. Mundan başga-da, ýurduň dürli welaýatlarynda ýerleşýän halkara howa menzillerinden Balkanabada täze ýolagçy uçar gatnawlaryny ýola goýmak we olaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.