Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
Bu şygar çagalaryň abadançylygynyň, saglygynyň we bagtyýarlygynyň bütin dünýäniň parahatçylygyna we durnukly ösüşine uly täsir edýänligini görkezýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna-da aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglanyşykly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramak bilen bir hatarda halkara gatnaşyklary berkitmek babatda alyp barýan işleri hem bellenmäge mynasypdyr.
Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Monako Knyazlygyna iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde gaznanyň wise-prezidenti Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň başlygy Tomas Bresso bilen duşuşyp, saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak babatdaky tagallalar we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdy.
Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşdylar. Onda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine garaldy. Birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda geçen duşuşyklarda sportuň ähli görnüşleriniň dünýäde parahatçylygy we hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde möhüm gurallaryň biri hökmünde kabul edilýändigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knyazlygynda saparda boldy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Şazadasy Alber II bilen duşuşdy. Şonda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklandyrýan wajyp meseleleri boýunça pikir alyşyp, iki ýurduň hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Alber II bilen duşuşygynda Monako bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen aradaky hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň uly geljeginiň bardygyny nygtady.
Bu meseleler gaznanyň wise-prezidentiniň dostlukly döwlete amala aşyran saparynyň çäklerinde has-da ilerledilip, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler we halkymyzyň taryhynyň dowamynda dörän hem-de häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän ynsanperwer ýörelgeleri baradaky maglumatlar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär.
Şunda dünýäniň iri media düzümleriniň biri bolan «Euronews» teleýaýlymynyň Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýänligi, onuň ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalary, zähmet ýeňişlerini beýan edýän maglumatlary tomaşaçylara gyzykly hödürleýänligi bellenmäge mynasypdyr. Bu bolsa ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ynsanperwer ýol-ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da ilerledilýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.