Täze Lexus modelleriniň 95%-i Hytaýda öndüriler
Täze Lexus modelleriniň 95%-i Hytaýda öndüriler we olaryň bahasy has arzan bolar. Toyota Hytaýda ilkinji zawodyny gurýar.

Toyota Motor bilen Şanhaý şäher häkimligi 22-nji aprelde strategik hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekdiler. Bu şertnama ýapon gigantyna Hytaýyň ykdysady merkezi bolan Şanhaýda täze awtoulaglary işläp düzmäge mümkinçilik berer. Şertnamanyň esasy bölegi – Lexus brendi üçin dolulygyna eýeçilik edýän elektromobil zawodydyr, ol Şanhaýyň Jinşan etrabynda guruljakdyr.
Bu karar Tesla-nyň Şanhaýdaky Gigazawodyndan soň Hytaýda dolulygyna daşary ýurt awtoulag öndürijisi tarapyndan guruljak ikinji zawoddyr we ýapon awtoulag öndürijisi üçin ilkinji şeýle taslamadyr.
Toyota bu zawoda 2 milliard dollardan gowrak maýa goýmagy meýilleşdirýär. Zawod gözleg we işläp düzmeleri, önümçiligi hem-de satuwy birleşdirer, Lexus brendi bilen elektromobil öndürmäge we öňdebaryjy akkumulýator tehnologiýalaryna ünsi jemlär.
Hasabatlara görä, Lexus awtoulaglarynda Hytaýda öndürilen ätiýaçlyk şaýlarynyň ulanylyşy 95%-den geçer, bu bolsa çykdajylary ep-esli azaldyp, import edilen modellere garanyňda bahany 15–20% töweregi peseltmäge mümkinçilik berer.
Bu çözgüt, Hytaýyň elektromobil bazaryndaky güýçlenýän bäsdeşligiň fonunda kabul edildi. Häzirki wagtda Toyota-nyň elektrik modelleriniň satuwy bu bazaryň 1%-den hem az bölegini tutýar.