Amyderýanyň gadymy geçelgeleri

Örän irki döwürlerden bäri Oksus, Oks, Amul, Jeýhun diýen atlar bilen tanalan Amyderýa kenarýaka çäklerde ýaşaýan halklary bol suw bilen üpjün etmekden başga-da, gadymy medeniýetiň çatrygyndaky Baktriýany, Sogdianany, Margianany we Horezmi Ýewropa ýurtlary, Hindistan, Hytaý bilen birleşdirýän kerwen ýollaryny öz üstünden geçiripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, söwda kerwenleriniň iki taraplaýyn hereketini amala aşyrmakda derýanyň geçelgeleriniň möhüm ähmiýeti bolupdyr.
Geçelgeler iri ýaşaýyş we söwda merkezlerine barýan ýollaryň ýakyn we amatly bolmagyna görä gurulypdyr. Töweregindäki geçelgäniň bolmagy ilatly ýerleriň goralmagyna we ösmegine uly itergi beripdir. Geçelgeler gurlanda, derýalaryň giňligi, çuňlugy, akymynyň güýji we gerekli gurluşyk serişdeleriniň elýeterliligi göz öňünde tutulypdyr. Hanasy dar we ýalpak derýalarda agaç köprüleri gurmak mümkinçiligi bolupdyr. Amyderýa ýaly giň, çuň, bol suwly we güýçli akymy bolan derýalarda gämileri, gaýyklar we meşikleri ulanmak arkaly ýüzýän köprüleri gurupdyrlar.
Munuň üçin gämileriň, gaýyklaryň burun tarapyny suwuň akymynyň tersine bakdyrýarlar, olara içi daşlardan doldurylan piramida görnüşli örülen sebetleri ýüpler bilen berkidip, derýanyň düýbüne taşlapdyrlar we gäminiň bir ýerde gozgaman durmagyny gazanypdyrlar. Şeýlelikde bir hatar ýerleşdirilen gämileri nawlar bilen biri-birine berkidip, agaçlaryň üstüni keseligine tagtalar bilen ýapyp, köpriniň iki gapdalyny hem germewläpdirler.
Geçelgeleri guramagyň gadymdan gelýän ýene bir usulynda, geçiniň haýwanlardan edilen meşikleri saman we gurak otlar bilen dolduryp, olary at arabalaryna sepelenen uzyn syrmaklara berkidip, suwda gaýmagy gazanypdyrlar. Bu usul arkaly ýolagçylary we ýüki derýadan geçiripdirler.
10-njy asyr arap syýahatçysy Abu Abdulla al-Mukaddasi (Makdisi) «Ýurtlary öwrenmek üçin iň gowy bölüşdirme» atly eserinde Kelif bilen Amulyň arasynda 16 sany geçelgäniň bolandygyny agzap geçýär. Gadymy Kelif, Zemm geçelgeleri Samarkant we Buhara şäherlerini Owganystanyň Balh, Kabul, Gerat ýaly çäkleri bilen birleşdirýän esasy geçelgeler bolupdyr. Rus alymy W\.W. Bartold «Orta Aziýanyň taryhy boýunça umumy işler» atly eserinde Isgender Zülkarneýniň özüniň goşuny bilen Kelifiň ýanynda derýadan geçen bolmagyny çaklapdyr.
Irki zamanlardan bäri ulanylyp başlanan Amul geçelgesi, Merw bilen Buharany birleşdirýän kerwen ýolundaky iň ulusy bolupdyr.
Türkimenistan bilen Özbegistany birleşdirýän ilkinji demir ýoluň gurulmagy bilen 1888-nji ýylda Amyderýa agaç köpri peýda bolup, ol 1901-nji ýylda demirden gurulan köpri bilen çalşyrylypdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenabat–Farap, Kerki–Kerkiçi awtomobil we demir ýol köprüleri guruldy. Bu desgalar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlar bilen söwda-gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berýär.
Netijede, gadymy kerwen ýoly täzeden röwüşde dikeldilýär.