Çärjewde “Soňky Jaň” dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Çärjew etrabynda 2024-2025-nji okuw ýylyny üstünlikli jemlemek we “Soňky Jaň” dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin netijeli işler alnyp barylýar. Etrap bilim bölüminde ýakynlarda geçirilen maslahat hem bu möhüm meselelere bagyşlandy. Maslahatda bu okuw ýyly Çärjew etrabynyň bilim ulgamy üçin aýratyn düşümli ýyllaryň biri bolandygy nygtaldy. Etrabyň mugallymlary we okuwçylary ýylyň dowamynda bilim, ylym, sport we köpçülik çärelerinde uly üstünlikler gazanyp, beýleki etraplardan tapawutlandy. Okuwçylar we bilim işgärleri öz zähmetleri bilen ýokary netijeleri eýelediler.“ Soňky Jaň” dabaralary etrabyň ähli orta mekdeplerinde aýdym-sazly çäreler bilen geçiriler. Bu dabaralarda öňdebaryjy mugallymlar we ýokary netije görkezen okuwçylar sylaglanar. Şeýle hem, 4-nji we 10-njy synplar üçin synpdan synpa geçiş, 12-nji synplar üçin bolsa gutardyş synaglaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bilim işgärleri bu çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny ynamly aýtdylar.Çärjew etraby bu ýylyň netijelerini ýokary baha bilen jemläp, indiki okuw ýylyna hem uly üstünlikler bilen başlamagy maksat edinýär.