Ömrüni Watana bagş eden ynsan

Maý 8, 2025 - 16:40
Ömrüni Watana bagş eden ynsan

9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunyň (1941–1945 ý.) weterany Tagaý Jumamyradow ýüz ýaşyny doldyrýar. Şol gün onuň 20 ýaşynyň dolan güni bilen faşistik Germaniýanyň kapitulýasiýasynyň yglan edilen günine düşdi. Şondan bäri 9-njy maý — Tagaý aga üçin goşa baýram boldy.

1942-nji ýylda ol, 17 ýaşyndaka meýletin goşulyp hereket edýän goşun hataryna girýär. Bu döwre çenli ol Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherindäki pedagogiki okuw mekdebiniň bir ýyllyk kursuny tamamlapdy. Samarkantda gysga möhletli harby taýýarlykdan soň fronta ugradylýar. Ol Ukrain frontynda atyjy dwiziýanyň düzüminde urşa gatnaşyp, uruş gutarýança söweşýär.

Türkmenistanly bu ýaş ýigit söweşlerde batyrlyk görkezip, kyn ýagdaýlarda çözgüt tapmak başarnygyny görkezýär. Onuň başarnyklary ýolbaşçylaryň nazaryndan sypmaýar we ol awtomatçylar bölüminiň serkerdesi wezipesine bellenilýär. Pedagogiki bilimleri oňa dürli ýaşdaky, esasan özünden uly esgerler bilen dil tapyşmaga ýardam berýär. Ol serkerde hökmünde esgerlerini goramaga çalyşýar, şonuň üçin-de olar tarapyndan uly hormata eýe bolýar.

Ol söweşleriň arasynda esgerleri bilen meýdan söweşi boýunça okuw sapaklaryny geçirýär. Bu işde ol Samarkantda alan harby bilimlerine hem-de öz şahsy söweş tejribesine daýanýar.

Şeýdip, ol öz bölümi bilen Berlina çenli baryp ýetýär we şäheriň basylyp alynmagyna gatnaşýar. Ine, şol ýerde — 9-njy maýda, ýagny doglan gününde, faşistleriň doly ýeňilendigi baradaky hoş habary kabul edýär. Ol bu güni ýygy-ýygydan ýatlaýardy. Aýdyşyna görä, şol gün ähli esgerler biri-birini gujaklap, awtomatlary bilen howa atýardylar, harby aýdymlary aýdýardylar. Her kimiň ýüreginde öýlerine, parahat durmuşa dolanmak baradaky umytlar döreýärdi.

Emma şol döwürde emele gelen ýagdaýlar esgerleriň hemmesiniň birden öýlerine iberilmegine ýol bermeýärdi. Tagaý Jumamyradow demirgazyk Germaniýada ýerleşýän atyjy polkda gullugyny dowam etdirýär. Ýeňişden alty aý soň, söweşde alan ýaralarynyň täsiri bilen saglyk ýagdaýy sebäpli ol harby gullukdan boşadylýar.

Watanyna dolananlarynda onuň döşüni III derejeli “Şöhrat” ordeni, “Gyzyl Ýyldyz” ordeni, “Batyrlygy üçin”, “Harby hyzmatlary üçin”, “Germaniýanyň üstünde gazanylan ýeňiş üçin” diýen medallar bezeýärdi.

Tagaý Jumamyradow asuda durmuşa geçenem bolsa, gol gowşuryp oturmagy makul bilmeýär. Ol öz wezipesini Watana hyzmat etmäge gönükdirýär. Uruşdan soň SSSR-iň Içeri işler ministrliginiň Aşgabatdaky ofiser mekdebine girýär we ony 1948-nji ýylda kiçi leýtenant derejesi bilen tamamlaýar. Soňra işden üzülmän, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetini üstünlikli tamamlaýar.

Ol köp ýyllap Çärjew oblastynyň ýerine ýetiriji komitetiniň içeri işler bölüminiň başlygy wezipesinde işleýär we şol ýerden polkownik harby derejesi bilen pensiýa çykýar. Onuň içeri işler edaralaryndaky ak ýürekli gullugy üç derejeli “Kämil işi üçin” medallary, “IIM-niň hormatly işgäri” diýen döş nyşany we birnäçe hormat hat bilen sylaglanýar.

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy ätiýäçdaky polkownik Hamid Rahmanowyň aýtmagyna görä Tagaý Jumamyradow bilen işlemek miýesser etdi. Ol sowatly, halal, tejribeli we özünden hem-de işgärlerinden talap edýän ýolbaşçydy. Ol işgärlerine atalyk alada bilen çemeleşýärdi. Pedagogiki we hukuk bilimleri oňa işinde uly peýda berýärdi. Ol hemmeler üçin görelde bolup, işdeşleriniň arasynda uly abraýa eýe bolupdy.

Häzirki günlerde onuň ýoluny ýaş nesiller mynasyp dowam etdirýärler. Ýeňşiň 80 ýyllygy hem-de Tagaý Jumamyradowyň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli onuň öýünde diňe bir garyndaşlary däl, eýsem ony tanaýanlar, şeýle-de ol hakynda eşiden adamlar hem ýygnanyp, Watana ömrüni bagş eden bu ynsany hormat bilen ýatlap geçerler.