«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwanyň Domodedowo howa menziline uçuşlaryny dowam etdirer

Maý 1, 2025 - 18:57
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwanyň Domodedowo howa menziline uçuşlaryny dowam etdirer

Domodedowo halkara howa menziliniň metbugat gullugynyň beren maglumatyna laýyklykda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 2-nji maýyndan başlap Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugrunda yzygiderli gatnawlaryny täzeden dikelder. Bu ugur boýunça uçuşlar her hepde duşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler. Gatnawlar häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan «Boeing 737-800» kysymly uçarlarda amala aşyrylar.

Şeýle hem, awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen uçuş tertibine görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugry boýunça hem gatnawlary ýola goýar. Bu reýsler her hepde çarşenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Kazana ilkinji gatnawyň 4-nji maýda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.