Türkmenistanyň hormat garawulynyň rotasy Moskwada harby ýörişe gatnaşar

Maý 8, 2025 - 17:28
Türkmenistanyň hormat garawulynyň rotasy Moskwada harby ýörişe gatnaşar

Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawulynyň rotasy 9-njy maýda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Beýik Ýeňşiň hatyrasyna geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin resmi çykyşynda habar berdi.

Ilçiniň bellemegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan her ýyl 9-njy maýda Moskwada geçirilýän dabaralara gatnaşylmagy türkmen-rus halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň nyşanydyr. Ilçi şeýle hem Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawulynyň batalýonynyň 2010-njy we 2020-nji ýyllarda Gyzyl meýdanda geçirilen ýörişlere gatnaşandygyny, şu ýyl hem, ýagny 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda şol ýerde çykyş etjekdigini nygtady.

Iwan Wolynkin, şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uruşda wepat bolanlary hatyralamak babatynda bitirýän işleriniň aýratyn ähmiýetlidigini belledi.

Ilçiniň aýtmagyna görä, 9-njy maý – Ýeňiş güni Türkmenistanda giňden we dabaraly bellenilýär. Aşgabatda we beýleki welaýatlarda konsertler, sergiler hem-de kino görkezilişleri geçirilýär. Şeýle-de, şol gün “Halk hakydasy” ýadygärlik toplumyna gül goýmak däbi dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda uruş we zähmet weteranlaryna aýratyn üns berilýär. Her ýyl Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň baýramy mynasybetli, uruş weteranlaryna hem-de söweşde wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna dabaraly ýagdaýda gymmatly sowgatlar gowşurylýar.