BEDEWLER ULA GIDENDE

Maý 26, 2025 - 15:19
BEDEWLER ULA GIDENDE

   Düýn, ýurdumyzda üç şanly senäniň bilelikde bellenilýän güni mynasybetli, Lebap atçylyk sport toplumynda geçirilen ýazky at çapyşygy gündogar sebitiniň ýaşaýjylary üçin ýene bir baýramçylyga öwrüldi. Bu ýerde gyzykly at çapyşyklarynyň bäşisi guralyp, birinji we ikinji çapyşyklar 1400, galan üç çapyşyk bolsa 1800 metr aralyga geçirildi.

Dört we uly ýaşar bedewleriň arasyndaky birinji çapyşykda Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň Goşun atly dor atyna taý tapylmady. Tejribeli çapyksuwar M.Töräýewiň erk eden bedewi bellenen aralygy 1 minut 24,1 sekuntda geçdi. Çapyşykda ikinji we üçünji orunlary ýene-de şol bölümiň Garaşsyz we Armangala atly bedewleri eýeledi.

Üç ýaşar bedewleriň arasynda 1400 metr aralykda geçirilen ikinji çapyşykda «Tebigy ekin» hususy kärhanasyna degişli Aýgyzy atly dor gysrak 1 minut 16,7 sekuntlyk netije bilen, günüň şu aralykdaky iň ýokary netijesini görkezdi. T. Şanyýazowyň hojalygyna degişli Şasenem atly mele gysrak bu aralygy 1 minut 19,2 sekuntda geçen bolsa, welaýat gümrükhanasynyň Aýnäzik atly bedewi ikinji orny eýelän bäsdeşinden bary-ýogy 0,4 sekunt yza galdy.

1800 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda çapyksuwar M. Töräýew welaýat kazyýetiniň Gojadag atly dor aty bilen günüň dowamynda ikinji ýeňşini gazandy. Gojadag bellenen aralygy 1 minut 36,8 sekuntda geçdi. Çapyşykda ikinji orny A. Öwezgeldiýewiň hojalygyna degişli Sanjar, üçünji orny bolsa B. Guwanjyýewiň hojalygyna degişli Teleke atly bedewler eýeledi.

Dördünji çapyşykda welaýat Polisiýa müdirliginiň Parasat atly dor aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. M. Tejenowyň erk eden bedewiniň görkezen wagty 1 minut 39,2 sekunda deň boldy. Bu çapyşykda ikinji orny I. Hudaýnazarowyň hojalygyna degişli Guwanjym, üçünji orny bolsa S. Atajanowyň Köpel atly bedewleri eýeledi.

Günüň jemleýji çapyşygynda pellehanadan ilkinji bolup geçen bedewe hem M. Tejenow erk etdi. Türkmenabat şäher prokuraturasynyň Gadamly atly gara aty 1800 metr aralygy 1 minut 33,6 sekuntda geçip, bu aralykda iň ýokary netijäni görkezdi. Bu çapyşykda ikinji orny D. Pirnazarowyň Garadepel, üçünji orny bolsa A. Açylowyň Merkit atly bedewleri eýeledi.

Ýazky at çapyşygynyň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.