«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat gatnawlary boýunça aksiýany dowam etdirýär

Maý 1, 2025 - 18:47
«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat gatnawlary boýunça aksiýany dowam etdirýär

Türkiýäniň öňdebaryjy awiakompaniýasy «Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat ugrunda ýöriteleşdirilen nyrhlarda awiapetekleriň satuw möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Täze maglumatlara görä, ýolagçylar bu aksiýa laýyk awiapetekleri 2025-nji ýylyň 23-nji maýyna çenli satyn alyp bilerler.

Bu ýörite teklip diňe Stambuldan Aşgabada alnyp barylýan TK0324 belgili göni reýs üçin niýetlenendir. Birtaraplaýyn awiapetekleriň bahasy 312 ABŞ dollaryndan başlaýar. Şeýle-de, şol ugur boýunça iki taraplaýyn awiapetekler üçin iň pes nyrh 579 ABŞ dollaryndan göz öňünde tutulýar.

Satyn alnan petekler arkaly syýahat etmek möhleti 2025-nji ýylyň 5-nji maýy bilen 23-nji maýy aralygyny öz içine alýar.

Türkiýäniň beýleki şäherlerinden Stambul arkaly Aşgabada gitjek ýolagçylar üçin görkezilen nyrhlara goşmaça çykdajy hökmünde birtarap uçuş üçin 50 ABŞ dollary, ikitaraplaýyn bolsa 80 ABŞ dollary goşulýandygyny bellemek gerek.

Awiapetek satyn almak isleýän ýolagçylar «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabadyň merkezi ofisine ýüz tutup bilerler:

  • Salgysy: G. Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy

  • Telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33

  • Elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com

Satuw bölümi hepdäniň iş günlerinde, ýagny duşenbe gününden anna gününe çenli, sagat 09:00-dan 17:00-a çenli müşderilere hyzmat edýär.