Lego diňe bir oýunjak däl...

Eýsem, dünýäni gurluşyk arkaly öwrenmegiň, döredijiligi ösdürmegiň, inženerçiligiň we pikiri hakykata öwürmegiň ýoludyr. Şeýle döredijilikli gurallaryň kömegi bilen çagalarda we uly ýaşlylarda uly mümkinçilikler açylýar, ol diňe bir bölekleri birleşdirmän, eýsem, pikirleri, arzuwlary we ösüşi hem birleşdirýär.
Çagalaryň iň eý görýän güýmenjesi bolan «Lego» gyzykly hem-de peýdaly oýnawaçlaryň biridir. Bu oýnawaç sökülip düzülen birnäçe plastmassa bölejiklerden ybarat bolup, kiçijik bölejiklerden jaý, piramida we dürli şekilleri düzüp bolýar. 1949-njy ýylda “oýunjak kerpiçlerini” öndürip başlan «Lego» dünýäniň iň uly oýnawaç öndürijisidir. Bu kompaniýa her ýyl 600 milliarddan gowrak oýnawaç böleklerini we şaýlaryny işläp çykarýar. «Lego» kiçijik gurluşykçylaryň arasynda ýaryşlarydyr döredijilik bäsleşiklerini hem geçirýär. Bu oýnawaç brendiniň çäginde birnäçe film, oýun we 8-den gowrak «Legoland» dynç alyş seýilgähi döredildi.
Çykgytlary beýleki oýnawaçlara girizmek arkaly düzülip oýnalýan çagalaryň iň söýgüli «Lego» oýnawaçlarynyň şu günki günde dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda ýüzlerçe dükany bar. 1949-njy ýylda agaç ussasy Ole Kirk Kristianseniň esaslandyran bu kärhanasy Daniýanyň iň meşhur kompaniýalarynyň biri hasaplanýar.
Esaslandyryjy Ole Kirk Kristiansen 25 ýaşlarynda ýaşaýan şäheri Billundda köneje ussahanasyny satyn alýar. 21 ýyllyk ussahanany satyn alan Kristiansen bu ýerde özüniň söýgüli kärini — ýonaçylyk hünärini dowam etdirýär. Ýöne onuň kiçeňräk eklençhanasynda ýangyn bolýar. Bu waka ony ruhdan düşürmeýär. Ol dessine täze ussahana açýar. Üstesine-de, täze önümleri taýýarlaýar. Gysga wagtyň dowamynda, ýagny 1932-nji ýyllarda onuň çaklaňja ussahanasy tagtadan ýasalan oýnawaçlar bilen tanalyp ugraýar.
1942-nji ýylda şol oýnawaçlara Daniýalylaryň dilinde “gowy oýun” ýa-da “gowy oýna” diýen manylary aňladýan «Leg Godt» sözlerinden emele gelen «Lego» adyny dakýar. «Lego» sözi latyn dilinde «jemlemek», «üýşürip birleşdirmek» diýen manylarda hem ulanylýar.
1947-nji ýyldan başlap bu kärhanada plastmassadan oýnawaç önümçiligi ýola goýulýar. Iki ýyldan soň häzirki «Lego» oýnawaçlaryna meňzeş oýunjaklar öndürilip başlanýar. 1949-njy ýylda bolsa häzirki wagtda hemmä tanyş bolan «Lego» oýnawaçlary peýda bolýar.
1958-nji ýylda Ole Kirk Kristiansen aradan çykýar we ogly Gotfrid kakasynyň ornuna geçýär. Kärhana 1966-njy ýylda ilkinji oýunjak otlusyny taýýarlaýar. 1960-njy ýyllaryň başynda Gotfrid Kirk Kristiansen ilkinji «Legolandyň» düýbüni tutýar. Şol ýyllarda fabrigiň içinde «Lego» oýnawaçlaryndan ybarat bolan kiçeňräk sergi açylýar. Soňlugy bilen sergi fabrigiň howlusynda geçirilýär. 1967-nji ýylda öndürilip başlanan «Legonyň» «Duplo» oýnawaçlaryda şol sergiden soň peýda bolýar.
1968-nji ýylyň 7-nji iýunynda «Legonyň» dörän ýeri Billund şäherinde ilkinji «Legoland» güýmenje seýilgähi açylýar. 38 müň inedördül meýdany tutýan bu seýilgähde «Lego» oýnawaçlaryndan ýasalan öýjagazlar, şäherjikler, otlular, gämi, gurluşyk ulgamyndaky ulaglar, tebigy gözellikler ýerleşdirilýär. Häzirki wagtda Billunddaky «Legolanda» ýylda, ortaça, 2 milliondan gowrak jahankeşde syýahat edýär.
«Lego» 1988-nji ýylda ABŞ-nyň meşhur MIT uniwersiteti bilen işleşip başlaýar. Netijede, kompýuter arkaly erk edilýän oýnawaçlaryň önümçiligi ýola goýulýar. Soňra «Ýyldyz söweşleri», «Garri Potter», «Betmen» ýaly millionlarça muşdakly kinofilmleriň gahrymanlaryny şekillendirýän «Lego» oýnawaçlarynyň önümçiligine başlanylýar.
Daniýanyň iň baý maşgalalarynyň biri bolan Kristiansenleriň kompaniýasynyň merkezi edara binasy Billund şäherinde ýerleşip, oýnawaçlaryň hemmesi diýen ýaly Meksikadaky, Hytaýdaky, Çehiýadaky hem-de Daniýadaky fabriklerinde öndürilýär.
Birnäçe ýyl mundan öň çagalar oýnawaçlary bazarynda öňdebaryjy kompaniýalaryň hatarynda tanalýan «Lego» öz müşderilerine gurulýan dünýä kartasyny hödürledi. Ol 11 695 sany oýnawaç böleginden düzülýär. Gurulýan oýnawaç kartanyň ölçegi 104x65 santimetre deňdir. Kompaniýanyň habar bermegine görä, bu häzirki wagta çenli gurulýan dünýä kartasynyň iň ulusydyr. Onda 40 dürli reňklerden peýdalanylypdyr. Kartanyň diwardan asylyp goýulmagy üçin ýörite çarçuwasy hem bar.
Çagalar we ulular üçin tükeniksiz döredijilik güýmenjesini üpjün edýän ýokary hilli we hyýaly gurluşyk toplumlary bilen tanalýan «Lego» oýnawaçlary ýyllarboýy millionlarça adam tarapyndan söýülýän dünýä markasyna öwrüldi. Logiki pikirlenmäni ösdürmekde möhüm orny bolan bu oýunjaklaryň kiçi ýaşly çagalardan başlap, ululara çenli höwes bilen oýnaýandyklary, wagtyňy peýdaly oýna sarp etmekde «Lego» oýnawaçlaryna güýmenmegiň has dogry hasaplanýandygy baradaky gürrüňler jemgyýetiň arasynda az däl. Dünýä meşhur bu markanyň oýunjaklaryny ýurdumyzda hereket edýän söwda nokatlarynyň köp ýerlerinden we onlaýn dükanlardan tapyp bolýandygy, her bir isleg bildirýän üçin «Lego» oýnawaçlarynyň elýeterdigini alamatlandyrýar.