Madridiň “Real” toparynyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti özüniň iň halaýan taktiki düzüm shemasyny aýtdy

Madridiň “Real” toparynyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti özüniň iň halaýan taktiki düzüm shemasyny aýtdy

Apr 21, 2025 - 15:47
Madridiň “Real” toparynyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti özüniň iň halaýan taktiki düzüm shemasyny aýtdy

Madrid şäheriniň “Real” futbol klubynyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti özüniň iň halan taktiki düzüm shemasyny mälim etdi.

— Meniň iň halaýan taktiki düzümim — 4-4-2. Bu düzüm meni aýratyn özüne çekýär, sebäbi ol goranyşda iň gowy deňagramlylygy berýär — diýip, Ançelotti “Managing Madrid” neşirine gürrüň berdi.

Mundan öň italýan tälimçiniň “Real Madrid” toparyndaky wezipesinden gitmegi mümkin diýen gürrüňler peýda bolupdy. Karlo Ançelotti “Real” toparyna 2021-nji ýylda ýolbaşçylyk edip başlady. Häzirki wagtda onuň klub bilen baglaşan şertnamasy 2026-njy ýyla çenli dowam edýär.

Ispaniýanyň La Liga çempionatynyň häzirki ýagdaýyna görä, birinji ýerde 73 utuk bilen “Barselona” barýar (32 oýundan soň). Ikinji orunda bolsa 69 utuk bilen “Real Madrid” ýerleşýär. Üçünji orny paýtagtyň başga bir topary “Atletiko Madrid” eýeleýär — olaryň hasabynda 63 utuk bar.