Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdiniň döredijiligine bagyşlanan okuw-usuly maslahat geçirildi

Türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik serkerde-şahyr Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda möhüm okuw-usuly maslahat geçirildi. «Seýitnazar Seýdiniň döredijiliginde döwrüň taryhy wakalarynyň çeper beýany» ady bilen sanly ulgam arkaly geçirilen bu maslahat edebi mirasymyza çuňňur sarpa goýulýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Maslahata ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda çykyş edenler beýik şahyryň XVIII asyrdaky taryhy wakalary çeper beýan ediş ukybyny, onuň şahyrlyk bilen serkerdeligi sazlaşykly utgaşdyrmagyndaky ussatlygyny aýratyn nygtadylar. Seýitnazar Seýdiniň döredijiligi diňe bir edebi taýdan däl, eýsem taryhy maglumat çeşmesi hökmünde hem uly ähmiýete eýedir.
Okuw-usuly maslahat umumy mejlisden soň dört sany aýratyn bölüm boýunça dowam etdirildi. Bu bölümlerde çykyş eden alymlar we mugallymlar şahyryň döredijiligini dürli ugurlardan seljerdiler. Jemi 140-a golaý çykyş diňlenilip, olarda Seýitnazar Seýdiniň watançylyk, gahrymançylyk we merdanalyk ruhuna ýugrulan eserleri bilen birlikde onuň yşky-liriki şygyrlarynyň hem çuňňur mazmuny açylyp görkezildi.
Maslahatda aýratyn bellenilişi ýaly, Seýitnazar Seýdiniň döredijiligi ýaş nesilleriň arasynda watançylyk ruhuny terbiýelemekde, halkymyzyň taryhy geçmişine söýgi döretmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Şeýle çäreler halk döredijiligine we nusgawy edebiýata berilýän ähmiýetiň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.