“Çelsi” Konferensiýa Ligasynda ýeňiji boldy
“Aristokratlar” ähli UEFA kuboklaryny gazanan ilkinji klub boldy Wroslaw şäheri “Çelsiniň” täze sahypasyna şaýat boldy. Ilki “Betisiň” rowaýata öwrülen ertekisine meňzän final, netijede akylly futbolyň we şahsy ussatlygyň ýeňşi bilen tamamlandy. Enzo Mareskanyň ýolbaşçylygynda, Kole Palmeriň täsiri bilen “Çelsi” ýeňlişe garşy göreşdi we ýiten ýeke-täk Ýewropa kubogyny gazandy.

“Betis” üçin bu diňe final däl, eýsem taryhy pursatdy. Klub taryhynda ilkinji Ýewropa finaly, öň hiç kim tarapyndan gazanylmadyk üstünlik üçin mümkinçilikdi. Oýun başyndan “autsaýder” “faworit” ýaly oýnaýar. Ispan kluby güýçli dartgynly hüjümleri edip, “Çelsiniň” sag tarapyndaky boşlugy tapdy.
Malo Gusto orta meýdanda oýnamaga synanyşdy, ýöne basyş bilen başa çykyp bilmedi. 9-njy minutda goýberen ýalňyşlygy gola sebäp boldy: Isko Ez Abdä ussatlyk bilen pas berdi, ol hem derwezä geçirýär — 1:0.
“Betis” basyşy dowam etdirdi, Bartra, Kardoso we Natan ýaly futbolçylar hüjüme geçdi.
Mareskanyň ikinji ýarymda edýän çalşyklary netijäni üýtgetdi
Ikinji ýarymda “Çelsi” başgaça oýna çykdy. Rise James Gustoň ýerine çykyp, sag ganaty güýçlendirdi. Enzo Fernandez we Kaýsedo meýdança işjeň hereket edip başlady, Kole Palmer bolsa her mümkinçilikden pursat gözleýärdi.
Ez Abdäniň şikes almagy we beýleki çalşyklaryň netijesinde “Betisiň” çep tarapynyň güýçsizligi ýüze çykdy. Palmeriň çap tarapdan pasy Enzo üçin ýeňil gol boldy — 1:1.
Bäş minut soňra ýene-de Palmeriň pasy bilen Jekson ikinji goly geçirdi. 70-nji minutda “Çelsi” öňe geçdi. “Betis” bolsa jogap berip bilmedi.
“Çelsi” soňky minutlarda doly dominirledi. Dewsbury-Hall merkezden geçip, Jadon Sançonyň üçünji goluna pas berdi. Bu Sanço üçin hoşlaşyk bolup biler — “Çelsi” ony 25 milliona satyn almajak bolup biler.
Üstünlik nokady Kaysedonyň uzak aralykdan şikes bilen girizýän topy bilen goýuldy — 4:1.
Täze “Çelsiniň” taryhy üstünligi
“Çelsi” UEFA-nyň bäş esasy kubogyny gazanan ilkinji klub boldy: Çempionlar ligasy,
Ýewropa ligasy,
Kubok eýeleriniň kubogy,
UEFA Superkubogy
we Konferensiýa ligasy.
Şeýle hem, La Liganyň finaldaky 27 oýundan ybarat ýeňiş yzygiderligini bozdy.
Tod Boehly üçin bu täze eýeçiliginiň ilkinji kubogy. Mareska üçin bolsa taktikanyň üstünlik gazanmagy. Palmer bolsa ýene-de ýekelikde oýun çalyp bilýändigini görkezdi.
“Betisiň” finaldaky üstünsizligi
“Betisiň” finala çenli ýoluny gahrymançylyk diýip boljak. Isko ajaýyp oýnady, komanda bolsa ýürekden göreşdi. Emma “Çelsiniň” güýçli pressingine çydap bilmediler. Pellegrini Ýewropa kubogyny gazanyp bilmedi we bu oýun käbir futbolçylar üçin ömrüniň ýeke-täk mümkinçiliklerdi.