ABŞ daşary ýurtly talyplar üçin wiza düzgünlerini wagtlaýyn togtatdy
2025-nji ýylyň 27-nji maýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy dünýäniň ähli ýurtlarynda ýerleşýän ABŞ-nyň ilçihanalarynda we konsulhanalarynda talyp wizalarynyň (F, M we J kategoriýalary) üçin geçirilen ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikleriň wagtlaýyn togtadylmagyny tabşyrdy. Bu karar daşary ýurt raýatlarynyň sosial ulgamlardaky işjeňliginiň giňişleýin barlagynyň girizilmegine taýýarlyk görmek bilen baglanyşyklygy bilen düşündirilýär.

2025-nji ýylyň 27-nji maýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy dünýäniň ähli ýurtlarynda ýerleşýän ABŞ-nyň ilçihanalarynda we konsulhanalarynda talyp wizalarynyň (F, M we J kategoriýalary) üçin geçirilýän ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikleriň wagtlaýyn togtadylmagyny tabşyrdy. Bu karar daşary ýurt raýatlarynyň sosial ulgamlardaky işjeňliginiň giňişleýin barlagynyň girizilmegine taýýarlyk görmek baglanyşyklygy bilen düşündirilýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň içerki habarnamasynda konsullyk bölümleriniň talyp we çalşygy programma gatnaşyjylar üçin täze ýüzbe-ýüz söhbetdeşlik belliklerini wagtlaýynça togtatmalydygy görkezilýär. Resminamada talyp wizasy üçin ýüz tutýanlaryň sosial ulgamlarynyň has çuňňur barlagy boýunça täze düzgünleriň giriziljekdigi hem bellenilýär.