Ýaş oýlap tapyjylaryň üstünlikli ädimi

Maý 9, 2025 - 15:19

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň informatika mugallymy Göwher Doskabulowa bilen zehinli okuwçy Zafar Şiralyýew bilelikde döwrebap tehnologiýalara esaslanýan aýratyn robot taslamasyny taýýarladylar.

Robot dürli päsgelçiliklerden, barmasy kyn ýerlerden geçip zerur serişdeleri äkitmek we getirmek maksady bilen robat möýjagazyny işläp düzdiler. Onuň aýratynlygy – hereket ulgamyny dolandyrýan programmanyň hem awtorlaryň özi tarapyndan ýazylmagydyr. Bu bolsa olaryň tehniki hem-de programmirleme babatdaky başarnyklarynyň ýokarydygyny görkezýär.

Bu taslama ylymy döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ikinji oruna, döwlet tapgyrynda bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Bu üstünlik ýaşlaryň innowasiýa we döredijilik ukyplarynyň yzygiderli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.