«Garri Potter» eseri esasynda surata düşüriljek serialyň baş keşpleriniň artistleri belli boldy

Iňlis ýazyjysy J.K. Rowling tarapyndan döredilen dünýä belli «Garri Potter» kitaplar toplumy esasynda täze serial surata düşüriler. Bu serial «Warner Bros.» studiýasynyň önümi bolup, HBO teleýaýlymy arkaly tomaşaçylara hödürlener.

«Garri Potter» eseri esasynda surata düşüriljek serialyň baş keşpleriniň artistleri belli boldy

Ýakynda bu serialda baş keşpleri janlandyrjak ýaş artistleriň atlary mälim boldy:

Dominik MakLafin — Garri Potteriň keşbinde,

Arabella Stanton — Hermioni Greýnjeriň keşbinde,

Alasteýr Stout — Ron Wizliniň keşbinde çykyş eder.

Bellenilişi ýaly, bu keşpler ozalky filmlerde Daniel Redkliff, Emma Watson we Rupert Grint tarapyndan janlandyrylypdy. Täze serialda çykyş etjek bu ýaş artistler üçin bu olaryň ilkibada sahna tejribesi bolar.

Serial jemi 7 möwsümden ybarat bolar — her kitap üçin bir möwsüm. Taslamanyň HBO arkaly 10 ýylyň dowamynda görkezilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda serialyň takyk görkeziliş senesi mälim däl, ýöne onuň 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda ekranlara çykmagyna garaşylýar.