"Avengers" filmleriniň täze bölümlerine garaşmak dowam edýär
Kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan "Avengers" film seriýasynyň täze iki bölüminiň görkeziliş wagty resmi taýdan yza süýşürildi. Bu filmler “Marvel Studios” tarapyndan taýýarlanylýan taryhyndaky iň uly taslamalaryň hataryna girýär.

Şeýle üýtgeşmäniň sebäbi hökmünde filmleriň önümçiliginiň bökdençsiz dowam etmegini üpjün etmek islegi görkezilýär. Şeýle-de dekabr aýyndaky premýeralaryň kinoteatrlarda has köp girdeji gazanýandygy hem sebäpleriň biri hökmünde görkezildi.
Täze tertibe görä:
"Avengers: Doomsday" filminiň ilkinji görkezilişi öň 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirilen bolsa, häzirki wagtda ol 2026-njy ýylyň 18-nji dekabryna süýşürildi.
"Avengers: Secret Wars" filmi bolsa öň 2027-nji ýylyň 7-nji maýynda görkezilmelidi. Indi bolsa bu film 2027-nji ýylyň 17-nji dekabrynda tomaşaçylara hödürlener.
Bu ägirt uly iki filme-de öňki “Avengers” filmlerini hem surata düşüren meşhur režissýorlar — Antoniniň we Jou Russonyň ýolbaşçylyk etjekdigi mälim edildi. Olar “Avengers: Infinity War” we “Avengers: Endgame” ýaly kinoseriýanyň iň meşhur bölümlerini hem surata düşüripdiler.