Green Card DV-2026 lotereýasynyň netijeleri çap edildi

Green Card DV-2026 lotereýasynyň netijeleri çap edildi

Amerika Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti “Diversity Immigrant Visa Program” (DV-2026), ýagny giňden tanalýan Green Card lotereýasynyň netijelerini resmi taýdan yglan etdi.

Lotereýa gatnaşan raýatlar netijelerini ýörite resmi internet sahypasy arkaly barlap bilerler (https://dvprogram.state.gov/ şu salgydan). Netijäni anyklamak üçin arzanyň hasaba alnan pursadynda size berlen tassyklaýyş belgisi (confirmation number), familiýaňyz we doglan ýylyňyz gerek bolýar.

DV maksatnamasy ýylsaýyn geçirilýän halkara immigrasiýa meýilnamalarynyň biridir. Bu programma arkaly dürli ýurtlardan bolan gatnaşyjylar ABŞ-da hemişelik ýaşamak hukugyny berýän immigrant wizasyny almak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Ýeňijiler ýörite kompýuter ulgamynyň üsti bilen tötänleýin saýlanyp alynýar.

Her ýyl DV lotereýasynyň çäklerinde 55 müňe golaý immigrant wizasy berilýär. Munuň bilen bir hatarda, dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýüzlerçe müň adam gatnaşýandygy sebäpli, lotereýada ýeňiji bolmak mümkinçiligi gaty pesdir.

Bu programma ABŞ-da ýaşamak we işlemek arzuwyndaky müňlerçe adam üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de bolsa, ýeňiji bolmak diňe bir ilkinji ädimdir – ondan soň wiza proseduralarynyň doly we dogry ýerine ýetirilmegi talap edilýär.