Gözümiz näme üçin garaňkylaýar?

Gözleriň garaňkylamagy köplenç huşsuzlykdan öňki ýagdaýyň alamatydyr. Adatça, bu ýagdaý beýnide gan basyşynyň çalt aşaklamagy sebäpli ýüze çykýar. Netijede beýni ýeterlik derejede iýmit we kislorod alyp bilmeýär, gözden gelen maglumatlary dogry işläp bilmeýär, bu bolsa dürli wizual täsirleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Köp ýagdaýda beden tiz wagtda gan aýlanyşyny dikeldýär we gözleriň garaňkylamagy diňe birnäçe sekunt dowam edýär. Mysal üçin, uzak oturan ýagdaýdan tiz turanyňyzda şeýle ýagdaý ýüze çykyp biler. Emma käbir ýagdaýlarda bu hadysa has çynlakaý meseleden habar berýär.
Gözleriň garaňkylamagy huşsuzlyga öwrülip biler. Bu bolsa, agyr ýykylmalara ýa-da beýniniň sarsmagyna sebäp bolup biler. Mundan başga-da, eger beýni uzak wagtlap kislorodsuz galsa, onuň dokumalary ölüp başlar, bu bolsa howply ýagdaýdyr.
Şonuň üçin:
-
Eger-de biri huşuny ýitirip, 1 minutyň dowamynda özüne gelmese — tiz kömegi çagyrylmaly.
-
Gözleriň garaňkylamagy birnäçe minut dowam etse tiz kömegi çagyryp lukmanyň maslahatyna eýermeli.
Bu ýagdaýyň ýüze çykmagyna onlarça dürli sebäp bolup biler. Ine, iň ýaýran sebäpler:
-
Ortostatiki gipotoniýa: Oturýan ýa-da ýatan ýerden tiz turanyňyzda ýüze çykýan gan basyşynyň düşmegi. Gan aşak, aýaklara we iç bölege geçýär, beýni gan ýetmezçiligine duçar bolýar. Sebäp bolup bilýän ýagdaýlar:
-
Suwsuzlyk (içiň geçmegi, ýokary gyzgynlyk, köp derlemek bilen baglanyşykly).
-
Yssy howa ýa-da ýylylygyň täsiri ( gün urmak).
-
Ganyň şekeriniň peselmegi.
-
Aşgazan-darman bilen baglanyşykly ýagdaýlar (käbir adamlarda iýmitlenmeden soň gan basyşy düşýär).
-
Gany azlyk (anemiýa).
-
Ýokary belentliklerde bolmak.
-
Göwrelilik döwri.
-
Alkogolyň içgileriniň aşa köp ulanylmagy.
-
Käbir derman serişdeleri (diuretikler, antidepressantlar, gipertoniýa garşy dermanlar we beýlekiler).
-
Käbir keseller (diabet, tireoid näsazlyklary, nerw ulgamynyň bozulmalary).
-
Zäherlenmeler (kömür gazyndan ýa-da beýleki himiki serişdeler bilen).
-
-
Wazomotor huşsuzlyk (neýrokardiogen synkopa): Bu ýagdaý nerw ulgamynyň käbir täsirlenmelere örän güýçli reaksiýa bermegi netijesinde ýüze çykýar. Netijede ýürek uruşy haýallaýar we gan basyşy aşaklaýar. Sebäp bolup bilýän ýagdaýlar:
-
Güýçli duýgy dartgynlygy.
-
Uzaga çeken stres.
-
Gorky (mysal üçin, synaga ýa-da diş lukmanynyna garaşmak).
-
Ganyň görnüşine reaksiýa.
-
Güýçli fiziki güýç sarp etmek (mysal üçin, defekasiýa wagty).
-
Eger gözüňiz diňe bir gezek, gysga wagtlyk garaňkylasa (meselem, çalt ýerinden galanyňyzda ýa-da gyzgynlykda), howatyrlanmak gerek däl. Şeýle ýagdaýda iň gowysy — uzalyp ýatmak we aýaklary biraz belende galdyrmak. Bu ýagdaý gan akymyny beýnä gönükdirer we ýagdaýyňyz gowulaşar. Soň ýeriňizden ýuwaş-ýuwaş galyp bilersiňiz.
Emma eger göz öňüňiziň garaňkylamagy ýygy-ýygydan (günde, hepde-de birnäçe gezek) gaýtalansa, hökmany ýagdaýda lukmanyň — terapewtiň maslahatyny almaly.
Lukman sizi barlap, gerek bolsa gan synaglaryny we ýürek barlaglaryny geçirer. Netijä görä, basyşy kadalaşdyrmak we ýagdaýy gowulandyrmak üçin maslahat berer:
-
Ýeterlik suw içiň (zenanlar üçin 2,7 litr, erkekler üçin 3,7 litr günde).
-
Az-azdan ýygyrak iýiň.
-
Fiziki işjeňligi saklaň.
-
Alkogolly içgilerden gaça duruň.
-
Lukmanyň maslahat berýän witaminlerini kabul ediň (köplenç demir ýa-da B12 witamini).
-
Iýýan naharuňyza azyrak duz goşmak hem peýdalydyr.
-
Ýatanyňyzda kelläňizi ýokarrak galdyryp ýatyň.
Gereki bolsa, lukman sizi ýöriteleşen lukmanlara — newrolog, endokrinolog ýa-da kardiologa ugrukdyrar.