Adam saglygy – iň uly baýlyk

Adam saglygy – iň uly baýlyk

         Adam saglygy – her bir adam üçin iň möhüm we beýik baýlykdyr. Bu baýlygy gazanmak we ony saklamak bolsa, biziň özümize baglydyr. Saglykly bolmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen başlaýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadrynyň bilgil, hasta bolmazdan burun» diýen setirleri hem saglygyň ähmiýetine ünsi çekýär.

Adam saglygyny goramak üçin tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak möhüm bolup durýar. Biziň ýurdumyzda Güneşiň, arassa howanyň, bereketli topragyň bardygy – sagdyn durmuş üçin amatly şertleri döredýär. Bu baýlyklardan dogry peýdalanyp bilýän adam saglygyny gorap hem berkidip biler.

Erte bilen pyýada ýa-da welosipedde gezelenç edýän adamlary görenimizde, olaryň saglyga uly ähmiýet berýändiklerine guwanýarys. Olar hem Magtymguly atamyzyň pähim-parasatly sözlerine eýerip, saglygyň gadrynyň bilýärler.

Sagdyn durmuş ýörelgeleri – adam ömrüniň uzak we bagtyýar geçmegine oňaýly täsir edýär. Şonuň üçin adamlar saglygyny goramaga uly üns berýärler. Munuň üçin arassalyk, fiziki işjeňlik, dogry iýmitlenmek, kadaly dynç almak we ruhy taýdan arassalygy saklamak zerurdyr. Şeýle-de, durmuşyň her pursadyny maksatly işlere sarp etmek we üstünliklerden lezzet almak adam ömrüne oňyn täsir edýär.

Saglygy goramak üçin ilki bilen bu barada dogry düşünjä eýe bolmaly. Sagdyn durmuş ýörelgeleri barada köp okamak, maglumat toplamak, sport bilen meşgullanmak, ter miwe-gök önümlerden peýdalanmak we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek – bularyň ählisi saglygyň berk bolmagyna ýol açýar.

Mysal üçin, miweleri ýuwup iýmek, şahsy arassaçylyga üns bermek ýaly ýörelgeleri gündelik durmuşymyza öwürsek, sagdyn durmuş barada giňişleýin düşünje gazanyp bileris.