Belent maksatly daýhanlar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň babadaýhanlary gowaça ekişinde ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinýärler. Olar bu möwsümde «Ýolöten-39» görnüşli gowaçanyň tohumyny 1070 gektar meýdana sepip, şondan 2525 tonna golaý hasyl alyp, Watanyň harmanyna tabşyrmagy meýilleşdirýärler.
Şu günler meýdanlarda irki ekilen gowaçalara ideg işleri giň gerimde alnyp barylýar. Gowaçalaryň hatar aralaryny ýumşatmak, iýmitlendirmek, otag we ýekelew işleri tapgyrlaýyn utgaşykly alnyp barylýar. Bu işlerde 14 sany oba hojalyk tehnikasy bökdençsiz hereket edýär.
Öz kärinde tapawutlanyp çykyş edýän mehanizatorlar Şöhrat Döwletow, Batyr Hanow hem-de Nobat Berdiýew ýaly zähmetsöýer daýhanlar ýokary hilli bejeriş geçirip, beýleki kärdeşlerine hem görelde bolýar.
Arzygül Ödäýewanyň ýolbaşçylyk edýän 3-nji kärende toparyna degişli 22 gektarlyk atyzda işler aýratyn depgin bilen alnyp barylýar. Bu ýerde mehanizatorlar hatar aralaryny ýumşatmak bilen meşgullanýan bolsa, zähmetsöýer gelin-gyzlar otag we ýekelew ýaly ideg işlerini ýerine ýetirýärler. Bejerilişi kemsiz gowaçalaryň ýaşyl hatarlary birkemsiz ösüp, göze gelüwlilik döredýär.
Şeýle ussat kärendeçileriň hatarynda, Annagül Penjiýewa aýratyn bellenmäge mynasyp. Ol her ýylda ýokary hasyl gazanmagy başaryp, işde öňdäki orunlary eýeleýär. Geçen ýyl meýilnamada bellenen 70 tonna deregine 144 tonna «ak altyn» hasyly bilen döwlet harmanyna saldamly goşant goşan daýhan gelin, «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen hormatly medal bilen sylaglandy. Bu ýyl hem ol 145 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýär. Onuň hususy «Belarus — MTZ-80» kysymly traktory bilen Begmyrat Rozyýew gowaçalaryň hatar aralaryny bejerip, iýmitlendirmegi güýçli depginde alyp barýar.
Annagül Penjiýewa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyjyna mynasyp goşant goşmak bilen, kärende ýeriniň töweregine 2000-den gowrak miweli we saýaly agaç ekipdir. Bu bolsa daýhan zähmetiniň diňe bir ekin meýdany bilen çäklenmän, ekologik abadançylyga hem hyzmat edýändigini görkezýär.
Şeýle hem bu birleşikte iş alyp barýan tejribeli kärendeçiler Suraý Bekmyradowa hem-de Bahar Tölekowa ýaly zähmetsöýer daýhanlar her gektardan 50–60 sentner hasyl almagy maksat edinýärler. Olar hem işde özara bäsleşip, gowaça ideginiň ähli tapgyrlaryny utgaşykly alyp barýarlar.
Bu üstünlikler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşiniň, daýhanlaryň zähmete bolan söýgüsiniň we döwlet derejesinde berilýän goldawlaryň aýdyň beýanydyr.