Päk zähmet — bol nygmat

Maý 8, 2025 - 18:54
Päk zähmet — bol nygmat

Şu günler welaýatymyzda oba-hojalyk ekinleri bilen bir hatarda ýeralma ýetişdirip, bol hasyl almak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyz boýunça jemi 1 müň  401 gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekilip, Şondan 19 müň 600 tonna hasyla garaşylýar. Şonuň 1 müň 54 gektary daýhan birleşiklerine, 279 gektary daýhan hojalyklaryna we beýleki öndürijilere, galan 67 gektary hem bu ugurda kämilleşen ildeşlerimize degişlidir.

Häzirki günlerde agro tehnikanyň talaplaryna laýyklykda idegi kemsiz ýetirilen ýeralmaly meýdanlardan bol hasyl almak işleri ne ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýeralma ýetişdirmekde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýan Çärjew etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň babadaýhanlarynyň bu ugurda alyp barýan işleri aýratyn öwgä mynasypdyr. Olaryň birleşen tagallalarynyň netijesinde şu ýyl daýhan birleşigi boýunça 9 gektara golaý meýdana ýazlyk ýeralmanyň bol hasyl berýän santa görnüşi ekildi. 

Daýhan birleşiginiň baş agronomy Yslam Gandymow ýeralma eken kärendeçiler Babamyrat Döwranow, Gülala Ismedowa, Bagtyýar Jumaýew dagynyň şu ýyl ýazlyk ýeralmanyň her gektaryndan azyndan 120 sentner hasyl almagy maksat edinýändiklerini bize gürrüň berdi. Daýhan birleşigi boýunça ýeralmadan jemi 1 müň 44 tonna hasyl ýygnalar.