Gyrgyzystanda ilkinji sanly töleg serişdesi – kriptosom resmi taýdan güýje girdi
Gyrgyzystan özüniň resmi sanly puluny döretdi

Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow degişli Kanuna gol çekip, ýurduň resmi sanly puluny döredilmegini tassyklady. Bu barada "rg.ru" habar berýär.
Gyrgyzystanyň Milli banky indi ýurduň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde ulanylýan elektron somy (kriptosomy) çykarmaga doly hukuga eýe boldy.
Kriptosom milli puluň nagt we nagt däl görnüşlerinden başga-da, onuň üçünji görnüşi bolar. Ol ýörite sanly gapjykda saklanýan tokenler görnüşinde ýaýradylar. Şeýle somy ulanmak üçin ýörite meýdança dörediler, ol meýdança hem Milli bankyň gözegçiliginde bolar.
Resmi çeşmeleriň habaryna görä, sanly puly dolanyşyga girizmek üçin takmynan 5 million dollara golaý serişde sarp ediler. Bu sanly serişdäniň üsti bilen ýurtda dürli tölegleri, hatda aýlyklary hem tölemek mümkin bolar.
Şeýle hem sanly somyň ulanylmagy döwlet tarapyndan kagyz pullary çykarmak bilen bagly çykdajylary azaltmaga kömek eder diýlip garaşylýar.