Zenan edebi — maşgala mertebesi
Halkymyzyň zenanlara bildirýän hormatynyň çägi ýokdur. Zenany — gyzy, gelni, maşgalasy, enesi hökmünde sylamak türkmeniň asylly edebinden nyşan. Olaryň geýnişi, edep-ekramy, eliniň süýjüligi, il-güne sylaşyklylygy hem sungat derejesine ýetirilen däplerimizdir. Eli işli, mylaýymzada gyzlarymyz öýüň gelşigi, dilinden dür dökülýän, göwnünden gül eçilýän mährem enelerimiz maşgalanyň bereketli saçagynyň eýesi, ojagyň terbiýeçisidir.

Türkmençilikde: «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini» diýilýär. Halal ojakda asylly terbiýe alan oglanlardyr gyzlary daşyndan göreniňde, gürrüňdeş bolanyňda, iş salşanyňda, oturyp-turşuny synlanyňda edebinden, gep-sözünden belli bolýar. Gepi-sözi ýerinde, geýnişi göze gelüwli, edep-terbiýeli gyz maşgala köpler höwes edýär, ony gelin edinip, öýüniň törüni bezemegini arzuw edýär. Türkmen zenany diňe bir gözel, owadan geýinmän, eýsem, özüni salykatly alyp barmagy hem başarýar. Owadan geýinmegiň maksady gözellikdir. Geýen egin-eşigini owadan ahlagy bilen bezemek zenanyň baş borjudyr. Milli ýörelgelerimizde asylly zenan utanjaň, salykatly we ar-namysly bolupdyr. Şeýle häsiýetler türkmen jemgyýetiniň iň ýokary ahlak gymmatlylygy bolup, her bir zenana mahsusdyr. «Gyz-gelin gözelligi» diýlen düşünje ruhy-ahlak gözelligi-de, keşbiň, egin-eşigiň, edebiň, gylyk-häsiýetiň gözelligini-de öz içine alýar. Sözüň hakyky manysynda, gözel bolmak üçin diňe keşbiň görkanalygy ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ynsanlyk durkuň owadan bolmagy gerek. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Durasyň geler» goşgusynda asylly türkmen gözeliniň ruhy sypatlaryny we gözel keşbini janlandyrypdyr. Gözel bardyr, gözellerden zyýada, Onuň hyzmatynda durasyň geler. Edepli, erkanly, mylaýymzada, Tä ölinçäň bile ýöresiň geler. Zenan terbiýesiniň gözbaşynda duran gyzlaryň edebi ilkinji orunda bolupdyr. Çünki pederlerimiz gyzlardan gelin, gelinlerden ene ýetişýändigine dogry düşünipdirler. Şonuň üçin gyzlary kiçiliginden zähmete ugrukdyryp, töwerek-daşyny söýmegi, uly-kiçä mähirli bolmagy ündäpdirler. Pederlerimiz gyzlary «gözele», gelinleri «baýdaga», eneleri «Käbä» deňäp söýüpdirler. Olary agyr işden, durmuşda gabat gelýän kynçylyklardan goramaga, aýamaga çalşypdyrlar. Türkmenlerde maşgala aladasy birjik-de ünsden düşürilmändir. «Gorkut ata», «Görogly», «Kowusnama» ýaly terbiýeçilik ähmiýeti bolan ajaýyp kitaplary okanyňda, oňa magat göz ýetirýärsiň. Maşgala agzybirligi, çaga terbiýesi hakynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda hem giňden beýan edilýär. Bu mysallar, bir tarapdan, halkymyzyň terbiýe mekdebiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyny görkezse, ikinji bir tarapdan, ata-babalarymyzyň maşgala baradaky taglymatlarynyň ölmez-ýitmezligini subut edýär. Aristotel: «Estetik gözellik zenanyň kalbyndan önýän duýgy, muny iýmitlendirmek diňe ynsaba we ýürege bagly» diýip belläpdir. Türkmen zenanlary terbiýäniň ilkinji başlangyjy hökmünde sylag-hormaty we utanç-haýany belentde goýýarlar. Bu häsiýetleri bolsa uzyn ýeňli, uzyn etekli köýnekleri geýmek, seýkin ýöremek, her bir hereketinde ejaplylyk arkaly mälim edýärler. Mysal üçin, gelin gelen öýünde hyzmaty, zähmeti, sylaşygy, häsiýeti, ejaby arkaly özüni syladýar. Bu bolsa milliligimiziň iň ajaýyp ýörelgeleri hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda: «Türkmen zenany eli çeperligiň, kalby joşgunlylygyň, ýüregi mähir-muhabbetliligiň, nusgawy edep-ekramyň mekdebidir» diýip bellemegi hem ýöne ýere däldir. Sebäbi islendik halkyň, milletiň ýüzüniň tuwagy edepli gelin-gyzlardyr. Terbiýeli nesil jemgyýetde maşgala gatnaşyklarynyň berk hem kämil bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Çünki perzent adamzadyň ýagty geljegidir. Nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, hemmetaraplaýyn kämil hünärmenler, şeýle-de asylly, edepli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!