Watikanda ak tüsse belende galdy

Watikanda ak tüsse belende galdy

8-nji maýda Watikanda konklaw tamamlanyp, Rim-katolik buthanasynyň täze ýolbaşçysy saýlandy. Kardinallar tarapyndan täze papa hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Çikago şäherinden Robert Frensis Prewo saýlanyldy. Ol Rim papalarynyň taryhynda 267-nji bolup, özüne Leo XIV adyny saýlady.

Täze papanyň saýlanandygyny yglan edýän däp bolan alamat – Sikstin kapellasynyň üçeginden goýberilen ak tüsse boldy. Bu, dalaşgärleriň biri zerur ses sanyny alyp, papalyk wezipesini kabul edendigini aňladýar.

The New York Times gazetiniň maglumatyna görä, Robert Prewo Rim-katolik buthanasynyň taryhynda bu wezäpde çykyş edýän ilkinji amerikaly bolup durýar. Onuň halka ýüzlenýän ilkinji sözleri “Parahatçylyk size” diýen sözler boldy.

Öňki papa Fransisk 21-nji aprelde 88 ýaşynda aradan çykdy. Ol 2013-nji ýyldan bäri Rim-katolik buthanasynyň başynda durup geldi. 26-njy aprelde jaýlanyp, tabydy Santa-Mariýa-Majore bazilikasynda ýerleşdirildi.

Täze papany saýlamak boýunça konklaw 7-nji maýda başlap, bir günden gowrak dowam etdi. Saýlawda kardinallar dört gezek ses berip, ahyrynda Prewo sesleriň üçden ikisinden gowragyny – mümkin bolan 133 sesden 89-syny aldy.

Munuň bilen bir hatarda, öňki konklawlar – Papa Fransisk, Benedikt XVI we Ioann Pawel II saýlanylanda iki-üç gün dowam eden bolsa, taryhda iň uzaga çeken konklaw XIII asyryň ikinji ýarymynda bolup, takmynan üç ýyla golaý dowam edipdi.