Pile tabşyrylyp başlandy
Welaýatymyzyň gündogar etraplarynyň edermen ýüpekçileri pile kabul ediş we guradyş bölümlerine senagat üçin gymmatly çig malyň ilkinji kilogramlaryny tabşyryp başladylar.

Kerki etrabynyň ýüpekçileri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda meýilnamada görkezilen 85 tonna derek 88 tonna pile ýygnamagy maksat edinýärler. Ýüpekçilik bilen şu ýyl kärendeçileriň 843-si meşgullanýar. Öňde baryjylaryň onlarçasy ýüpek gurçuklaryny göwnejaý idedip, eýýäm pile tabşyryp başlady. Şolaryň biri Guwak geňeşliginiň ýaşaýjysy, kärendeçi Bahargül Gurdowadyr. Bahargülüň bu ugurdan 32 ýyllyk iş tejribesi bar. Ol her ýyl ýüpek gurçugyndan bol pile alýar. Ussat ýüpekçi geçen ýyl hem 217 gram ýüpek gurçugyndan 653 kilogram ýokary hilli pile almagy başardy. Bahargülüň üstümizdäki ýylda öz öňünde goýan maksady 250 gram gurçuk tohumyndan şertnamalaýyn borçnamada görkezilen 525 kilograma derek 650 kilogram piläni Watan harmanyna tabşyrmakdan ybarat.
Bahargül Gurdowa ýaly öz işine ussat ýüpekçiler az däl. Olardan Sabyr Pygamowanyň, Gözel Nazargylyjowanyň atlaryny guwanç bilen tutasymyz gelýär. Sabyr daýza olaryň halypasy. Ýaşy sekizinji onluga golaýla sa-da, ol entek şägirtlerinden galarly däl. Bu günki gün ussat ýüpekçi Sabyr Pygamowa 77 kilogram, Gözel Nazargylyjowa 22 kilogram piläni ilkinjileriň hatarynda Watanymyzyň kümüş söwçäjine goşant etdiler. Olar ýenede ýüzlerçe kilogram pile ýygnamagy maksat edinýärler. Biz hem ýüpekçileriň armasyny ýetirmek üçin mydama olaryň arasynda — diýip, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Rüstem Rahmankulow gürrüň berýär. Köýtendag etrabynyň Garahowuz geňeşliginiň ýaşaýjysy Döwletaý Söýünowa hem ilkinji bolup pellehana geldi. Ol 20 gram ýüpek gurçugyndan 51 kilogram pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi.