Juwanlyk hozy

Apr 30, 2025 - 16:58
Juwanlyk hozy

Tebigatyň döreden täsinlikleriniň arasynda uzak ýaşlylarynyň içinde, megerem, baglar öňdäki hatarlarda bolsa gerek. Sebäbi olaryň asyrlaryň, hatda müňýyllygyň aňyrsyndaky döwürleriň şaýady bolup oturanlaryna-da Zeminiň dürli künjeklerinde gabat gelmek bolýar. Biziň topragymyzda hem şeýle agaçlar az däl. Muňa Köýtendagdaky ýaşy 700 ýyldan aňyrda bolan unaby agaçlaryny, 200—300 ýaşly tut agaçlaryny mysal getirmek bolar. Ýöne Ýer ýüzünde diňe bir ýaşy däl, eýsem, üýtgeşik häsiýetleri, peýdalylygy bilen meşhurlyga eýe bolan agaçlar hem kän. Şolaryň biri-de, miwesi «Juwanlyk hozy» adyny alan pisse agaçlarydyr. Pisse agajynyň miwe getirip başlamagy üçin azyndan ýarym asyr wagt gerek bolýar. Köýtendagdaky, Bathyzdaky pisse tokaýlyklarynyň adamlara öz miwesinden «dadyryp» ýörenine asyr geçenleriniň hem bardygyny bilermenler aýdýarlar. Pissäniň miwesiniň, ýapragynyň, gabygynyň saglyk üçin peýdasy hakda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynda hem gymmatly maglumatlar berilýär. Düzüminde B, E witaminler, demir, mis, galaýy, kaliý, kalsiý, natriý, kremniý, magniý, fosfor we beýleki mikroelementler we minerallar diýseň kän bolan pisse gurplandyryjy häsiýeti aýratyn özüne çekijidir. Şonuň üçin hem Bathyz sähralyklarynda pisse agajynyň miwesinden iýýän keýikleriň bardygy hakyndaky gürrüňleri tebigaty goraýjylardan eşitmek bolýar. Taryhy ýazgylarda bolsa, kuwwat beriji serişde hökmünde pissäniň köp ulanylandygy baradaky ýatlamalara duş gelmek bolýar. Düzüminiň 50 göteriminden gowragy ýagdan, belokdan, uglewodlardan durýan pisse onkologiýa keselleriniň ýüze çykmak howpuny peseldýär, bedene juwanlyk berýär, onuň gartaşmagyny haýalladýar. Şeýle-de düzüminde kalsiniň köp bolmagy üçin-de pissäni ýaşy gidişen adamlara iýmek maslahat berilýär. Sebäbi kalsiý süňke berklik berýär, nerw işjeňligini gowulandyrýar. Ýaşuly adamlar bilen söhbetdeş bolanyňda, pissäniň ir wagtlarda sowuklan adama berlendigini ýatlaýarlar. Häzirki zaman ylmy bolsa pissäniň bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýandygyny, aşgazan-içege ýollaryna, gözüň myşsalaryna oňyn täsir edýändigini tassyklaýar. Ysgynsyzlykda pissäniň diýseň tiz wagtda peýda berip ugraýandygy üçin, ony halk lukmançylygynda gaty köp ulanypdyrlar.