Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň hususylaşdyrylmagy boýunça bäsleşikli söwda geçiriler

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna geçmegini çaltlandyrmak maksady bilen döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini yglan etdi.

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň hususylaşdyrylmagy boýunça bäsleşikli söwda geçiriler

Söwda 2025-nji ýylyň 18-nji iýunynda, sagat 10:00-da, ministrligiň Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolundaky 156-njy jaýynda ýerleşýän binasynda geçiriler. Bu bäsleşikli söwda sanly ulgam hem-de ýörite mobil goşundy arkaly hem gurnalýar.

Bäsleşikli söwda bilen hödürlenýän desgalar

Geçiriljek bäsleşikli söwda döwründe ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, döwlet birleşikleriniň hem-de welaýat häkimlikleriniň garamagyndaky birnäçe täsirli desgalar hususylaşdyrylmaga hödürlenýär. Olaryň arasynda söwda we hyzmat merkezi, önümçilik sehleri, administratiw desgalar, ýaşaýyş bilen baglanyşykly emläkler bar.

Lebap welaýatyndaky desgalaryň sanawy aşakdakylardan ybarat:

1. Türkmenabat şäheri, “Himik” etrapçasyndaky söwda binasy

Meýdany: 927,10 m²

Bahasy: 3 082 607,50 manat

Ulanyşa berlen ýyly: 1990

2. “Lebapdaşarysöwda” DÝB-niň iki gatly söwda binasy

Ýerleşýän ýeri: Garaşsyz Diýar we Merw köçeleriniň çatrygy, Türkmenabat

Meýdany: 5 407,70 m²

Bahasy: 21 546 466,90 manat

Ulanyşa berlen ýyly: 2016

3. “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi

Ýerleşýän ýeri: Azatlyk köçesi, Türkmenabat

Meýdany: 8 779,80 m²

Bahasy: 36 324 976,80 manat

Ulanyşa berlen ýyly: 2017

4. Bişen kerpiç öndürýän önümçilik sehleri

Dänew etraby, Hendekli obasyndaky seh:

Meýdany: 3 967,00 m²

Bahasy: 4 237 977,10 manat

Ulanyşa berlen ýyly: 2017

Hojambaz etrabyndaky seh:

Meýdany: 1 893,8 m²

Bahasy: 2 247 731,10 manat

Ulanyşa berlen ýyly: 1969

5. Suwçyoba şäherçesiniň golaýyndaky dynç alyş öýi

Meýdany: 1 677,20 m²

Bahasy: 2 997 429,40 manat

Ulanyşa berlen ýyly: 1988

6. Ýaşaýyş jaýynyň birinji gatyndaky söwda-hyzmat binasy

Ýerleşýän ýeri: Türkmenabat, S.A.Nyýazow köçesi, 22-nji “A” jaý

Meýdany: 884,7 m²

Bahasy: 2 941 627,50 manat

Ulanyşa berlen ýyly: 2009

Kimler gatnaşyp biler?

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplar, daşary ýurt kompaniýalary we halkara guramalar gatnaşyp bilerler. Emma daşary ýurt taraplary diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli rugsatnamasy bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.

Hasaba alyş we gatnaşygyň tertibi

Ýüztutmalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, bäsleşigiň başlanmagyna bir gije-gündiz galýança kabul edilýär.

Hasaba alyş diňe elektron görnüşde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi web saýtynyň (www.e.fineconomic.gov.tm) “Bäsleşikli söwdalar” bölümi ýa-da “Bäsleşikler” mobil goşundysy arkaly amala aşyrylýar.

Gatnaşyjylary hasaba almak 18-nji iýun güni sagat 9:00-da başlaýar.

Söwda başlanmazdan öň, ähli gatnaşýan taraplara 0718 gysga belgiden SMS arkaly habarnama ugradylar.

Aragatnaşyk we goşmaça maglumat

Lebap welaýatynda ýaşaýanlar we ýerli desgalara gyzyklanýanlar üçin maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolýar:

(+993 422) 6-11-52, 6-11-59