Ýokary hasylly dänelik ekin

Maý 7, 2025 - 16:40
Ýokary hasylly dänelik ekin

Ýurdumyzda däne öndürilişini artdyrmagyň ýollarynyň ýene biri güýzlük bugdaýdan başga-da, ýokary hasyl berýän, esasan, ot-iýmlik maksatlar üçin peýdalanylýan dänelik ekinleri ekmekdir. Şeýle ekinleriň biri hem adam tarapyndan ilkinji döredilen medeni ekin-tritikaledir. Ol bugdaý (tritikum) bilen çowdarynyň (sekale) çaknyşdyrylmagynyň netijesinde döredildi. Tritikale çöreklik häsiýetleri boýunça çowdara garanda, ýokary netije görkezýär. Häzirki wagtda tritikaleniň arassa unundan çowdary görnüşli çörek bişirmek hem-de çowdary we bugdaý çöregi bişirilende garyp ulanmak bolýar. Tritikaleden bişirilen çörek önümleri ýokary iýmitlik gymmatlygy bilen tapawutlanýar.

Ondaky saklanýan belogyň mukdary çowdarydakydan we bugdaýdakydan 1,3–1,5 esse ýokary. Onuň uny dürli çörek önümleri (kökeler, tort, aş we şuňa meňzeşler) taýýarlananda giňden ulanylýar. Mallary ýylyň dowamynda gök ot bilen üpjün etmekde hem tritikaleniň ähmiýeti örän uludyr. Gök massanyň hasyllylygynyň ýokarylygy (450–650 sentner/gektar) we tä dänesi bişip başlaýan döwrüne çenli gatamaýandygy onuň gymmatlygyny has hem artdyrýar. Tritikaleniň dänesiniň biologiki gymmatlygy bugdaýyňkydan ýokary. Çalşylýan energiýanyň saklanyşy bugdaýdan we çowdarydan 14 we 23 göterim artyk.

Ol energiýanyň çeşmesi hökmünde bugdaýyň, arpanyň, mekgejöweniň, jöweniň ornuny aňsatlyk bilen çalşyp bilýär. Şonuň üçin bu ugurdan ylmy-barlag däneçilik institutynyň gallaçy alymlary tarapyndan ýörite seçgi işleri geçirilýär. Güýzlük tritikaleniň bäsleşik sort synagy meýdançasynda 10 sany sort we sort nusgalary synag edildi. Tejribede standart sort hökmünde 2013-nji ýylda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda önümçilige ornaşdyrylan «Türkmenistan» sorty peýdalanyldy. Gözegçilik döwründe tritikaleniň ösüş döwürleri, kesellere, sowuga, ýykylma garşy durnuklylygy hasaba alyndy.

Alnan maglumatlara görä, tejribede «Türkmenistan» sortunyň sümmüllenme ösüş döwri 06,04, beýleki nusgalar: «Hasylly» 05,04, «Önümli» 12,04 we «Watan» 08,04 aralygynda bolup, däneleriniň bişip ýetişmegi nusgalarda 05–07,06 aralygynda boldy. Seleksiýa tejribesinde öwrenilen güýzlük tritikaleniň sowuga çydamlylygy 8–9 ball, ýykylma garşy durnuklylygy ähli nusgalarynda 4–5 ball boldy, unçaň, sary, goňur pos, kömelek keselleri bilen kesellemediler. Tritikaleni ekmegiň kadasy her gektara tohumlyk üçin 160–180, ot-iýmlik üçin 180–200 kilogram gögerijiligi boýunça ýokary hilli tohum bolmaly. Güýzlük tritikaleden ýokary hasyl almak üçin onuň ekişini öz wagtynda geçirmeli.

Tejribede deňeşdirilýän standart «Türkmenistan» sortunyň hasyllylygy 72,8 sentner/gektara deň boldy. Nusgalyk sortlar bolan «Watan» sortundan 90,4 sentner/ gektar (+17,6 sentner/gektar), «Önümli» sortundan 84,3 sentner/gektar (+11,5 sentner/gektar), «Hasylly» sortundan bolsa 85,3 sentner/gektar (+12,5) hasyl alyndy.