Go­şar sa­gady haýsy eliňe dakylýar?

Maý 1, 2025 - 19:09
Go­şar sa­gady haýsy eliňe dakylýar?

Adamlaryň köpüsi goşar sagadyny çep eline dakýar. Şeýle-de bolsa, käbir adamlar, esasan hem zenanlar, sagady sag eline dakynmagy makul bilýärler. Goşar sagadyň haýsy ele dakylmalydygy baradaky pikirler dürli-dürli. Şeýle soraga jogap bermek üçin ilkinji nobatda adamyň haýsy elini has kän ulanýandygy göz öňünde tutulýar.

Köp adam, has takygy, saglakaýlar, sag elini iş üçin köp ulanyp, sagady çep eline dakýarlar. Çünki sagady iň köp ulanýan eliňe dakmak oňa zeper ýetmegine sebäp bolup biler. Çepbekeý adamlar bolsa, tersine, sagady sag eline dakýarlar. Dünýäniň aglaba ilaty saglakaý bolansoň, goşar sagatlaryň çep ele dakylmagy has giňden ýaýrandyr.

Taryhy çeşmelere görä, XX asyryň başlarynda peýda bolan ilkinji jübi sagatlary diňe erkekler tarapyndan ulanylypdyr. Ol sagatlar häzirki döwürdäkilerden has uly bolup, ýörite tikilen jübilerde göterilipdir. Jübi sagatlarynyň daşky bölegi köplenç döwülmäge howply bolansoň, sagadyň has az ulanylýan çep el bilen tutulmagy amatly hasaplanypdyr. Şonuň üçin hem goşar sagady çep ele dakmak adaty endige öwrülipdir.

Görşümiz ýaly, sagady haýsy ele dakmalydygy kesgitli düzgün bilen çäklenmeýär. Esasy zat onuň adamyň gündelik işlerine päsgel bermän, rahat ulanylmagydyr. Häzirki wagtda diňe saglakaýlar üçin däl, çepbekeý adamlar üçin hem ýörite düwmeleri çep tarapynda ýerleşýän sagatlar öndürilýär.

Öýjükli telefonlaryň giňden ýaýramagy bilen wagtlaýyn goşar sagatlaryň ulanylmagy azalmaga başlady. Ýöne soňky ýyllarda «akylly» sagatlaryň ýaýramagy bilen sagatlar ýene-de meşhurlyga eýe boldy. Bu enjamlar diňe wagt görkezmek bilen çäklenmän, jaň etmek, hat okamak, saglygyň ýagdaýyny yzarlamak, ädim sanamak ýaly mümkinçilikleri hem berýär. Käbir adamlar sagady bezeg hökmünde dakynýan bolsalar-da, köp adam olary gündelik işlerinde peýdaly enjam hökmünde ulanýar.

Şu günki günde dünýäde her ýyl 1 milliarddan gowrak «akylly» sagat we 80 milliondan gowrak mehaniki sagat öndürilýär. Bu bolsa, goşar sagatlaryň häzirki zaman durmuşynda tutýan ornunyň ýene-de artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.