Lebapda welosiped baýramy: sagdyn durmuş we ösüşe ýol
Her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni diňe bir sport baýramy bolman, eýsem, durmuşda durnukly ösüşe, ekologik arassalyga we jemgyýetçilik saglygyna berilýän uly ünsi alamatlandyrýar. Bu baýram Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen halkara derejeli dabaralaryň biridir.

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýun resmi taýdan "Bütindünýä welosiped güni" diýip yglan edildi. Bu resminama hut Türkmenistanyň başlangyjy bilen taýýarlanyldy we dünýä jemgyýetçiliginden giň goldaw tapdy. Bu başlangyç ýurdumyzda yzygiderli dowam etdirilýän halkara parahatçylyk, durnukly ösüş we sagdyn durmuş ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzyň aýdyň subutnamasydyr.
Welosiped diňe bir ulag serişdesi bolman, ol jemgyýetçilik saglygyny berkitmäge, ýaşaýşyň hilini ýokarlandyrmaga we daşky gurşawy goramaga hyzmat edýän amatly serişdedir. Şonuň üçin hem bu sene dünýäde sagdyn durmuş ýörelgesine we ekologik taýdan arassa jemgyýet gurluşyna möhüm goşant hökmünde garalýar.
Welosiped sporty dünýäniň ähli künjeginde meşhur bolup, dürli ýaşdaky adamlaryň sagdyn hereketleriniň aýrylmaz bölegidir. Şeýle-de, welosiped diňe bir sport däl-de, şäher ulag ulgamlarynyň möhüm bölegi hökmünde hem giňden ulanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda welosiped sporty giňden ornaşdyrylýar, ýaşlaryň sporta höweslendirilmegine hem-de halkara sport hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri hem döwlet syýasatynyň netijelidigini görkezýär.
Lebap welaýatynda hem welosport giňden ösdürilýär. Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebinde ýaşlara ýörite welosport boýunça tälim berilýär. Bu mekdebiň türgenleriniň birnäçesi häzirki wagtda ýurdumyzyň milli ýygyndysynda çykyş edýär. Lebaply welosportçular milli we halkara derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler.
Dänewli etrabyndan Batyr Abdyllaýew we Halaç etrabyndan Rozygeldi Döwletow ýaly syýahatçylaryň birnäçe gezek tutuş ýurdumyzyň çäginde welosipedli syýahatlar geçirmegi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olar bu syýahatlar arkaly sporta, syýahatçylyga we ýaşlarda watançylyk ruhuny terbiýelemäge mynasyp goşant goşýarlar.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dünýä ýurtlarynda dürli çäreler — sport ýaryşlary, maslahatlar, sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Türkmenistanyň BMG we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bu ugurda işjeňlik görkezmegi hem halkara abraýymyzyň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen esaslandyrylan bu baýramyň bütin dünýäde bellenilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli syýasatyň we halkara derejesindäki üstünlikleriň aýdyň nyşanydyr. Bir söz bilen aýdylanda, Bütindünýä welosiped güni — bu biziň saglygymyzyň, jemgyýetimiziň we tebigatymyzyň baýramydyr. Bu baýram halkymyzy sporta höweslendirmäge, ekologik taýdan arassa gurşaw döretmäge we sagdyn durmuş ýörelgesini has giňden ornaşdyrmaga güýçli itergi berýär.
Gelejekde hem welosiped sportunyň ösdürilmegi bilen halkymyzyň bagtyýar durmuş ýolunda öňe okgunly hereketi dowam eder.