Lebabyň taryhy we täsin ýerleri

Maý 6, 2025 - 16:53
Lebabyň taryhy we täsin ýerleri

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Köýtendag sebitinde tebigatyň müňlerçe ýyllyk döredijilik güýjüniň ajaýyp netijelerine bilen duş gelmek bolýar. Bu sebitde ýerleşýän Hojapil ýaýlasy we Garlyk gowaklary diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem dünýäniň hem iň täsin we ylmy taýdan möhüm ýerleriniň hatarynda durýar.

Hojapil ýaýlasy — bu planetamyzdaky dinozawr aýak yzlarynyň iň uly ýygyndysynyň ýerleşýän ýeri. Ýaýla 400x300 metr ölçegde hek daşyndan ybarat bolup, deňiz derejesinden 1500 metr beýiklikde, 120 derejeli eňňitde ýerleşýär. Bu ýerde takmynan 1500 jübüt aýak yzlary we 31 sany dinozawr ýodasy hasaba alyndy. Olaryň arasynda uzynlygy 195, 226, 266 we 311 metre çenli ýetýän dünýä rekordlaryna girýän ýodalar bar. Bu ýer Ýura döwrüne degişli megalozawrlaryň ýaşan ýeridir. Iň uzyn ädimleriň biri iki metrden hem geçýär.

Geçmişde bu ýer batgalyk ýa-da suw bilen örtülen tekizlik bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen gurap, gatap, soňra dag emele gelme döwründe ýokaryk göterilip, yzlar ýüze çykypdyr. Ýer ýüzüniň ýüzlerçe million ýyllyk taryhy bu ýerde aýan bolýar. Hojapil diňe dinozawrlaryň yzlary bilen däl, eýsem uzynlygy 26 sm bolan we gelip çykyşy entek doly düşündirilmedik "gumanoid" görnüşli aýak yzlary bilen hem alymlaryň üns merkezine düşdi.

Bu täsin ýer Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Hojapil obasynyň 3 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Ýol agyr we dik bolansoň, bu ýere diňe ýörite ulaglar arkaly baryp bolýar. Hojapil, tebigat bilen gyzyklanýanlar, paleontologiýa we taryh bilen meşgullanýanlar üçin ajaýyp ylmy we syýahatçylyk meýdançasydyr.

Köýtendagyň ýenede bir tebigy täsinligi — Garlyk gowaklary hem bu sebitde ýerleşýär. Gipsli daglarda emele gelen bu gowaklar dürli tebigy minerallar bilen bezelip, owadan galereýalary, geçelgeleri we zallary özünde jemleýär. Bu ýerde jemi 60-a golaý gowak bar, olaryň umumy uzynlygy 50 kilometrden gowrakdyr. Gowaklaryň içinde stalaktitler, stalagmitler, daş perdeler, sütünler, hatda daşdan emele gelen "şarlawuklar" hem bar.

Garlyk gowaklarynyň iň ulusy we meşhury Gapgotan gowagydyr. Bu gowak dünýäniň iň uzyn gips gowaklarynyň biri bolup, häzirki wagtda onuň diňe 60 kilometri öwrenildi. Iň owadan gowaklaryň biri bolsa Gülşirin gowagydyr. Onuň içinde arçanyň şekilli stalaktitler, daş şarlawuklar, gips sütünler we oniks perdeler bar. Şeýle hem, Daş ýürek atly kiçi gowak hem bu ulgamda ýerleşýär.

Bu gowaklar diňe bir tebigy täsinlik bolman, eýsem ylmy barlaglar üçin hem uly mümkinçilik berýär. Garlyk gowaklary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen, bütin Ýewraziýa giňişliginde deňi-taýy bolmadyk geologik gurluşlardyr. Gowaklara baryp görmek üçin Köýtendag goraghanasynyň bufer zolagynda ýerleşýän Garlyk obasynyň golaýyndaky tebigy ýol arkaly girilýär.

Köýtendag sebitiniň bu iki tebigy baýlygy – Hojapil ýaýlasy we Garlyk gowaklary, Türkmenistanyň tebigy mirasynyň gymmatly bölegi bolup, her ýyl müňlerçe içeri we daşary ýurtly syýahatçyny özüne çekýär.        

Lebap welaýatynda ýerleşýän tebigy täsinlikler bilen bir hatarda, bu sebitde döredilen döwlet goraghanalary hem aýratyn ähmiýete eýedir. Olar tebigatyň köne keşplerini, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda möhüm rol oýnaýar.

Amyderýa döwlet goraghanasy — bu goraghananyň çägi Lebap welaýatynyň Darganata, Seýdi we Farap etraplaryna degişlidir. 1982-nji ýylda döredilen bu goraghananyň maksady Amyderýanyň töweregindäki tokaýlyklary, guşlaryň ýaşaýan ýerlerini we beýleki suw ekoulgamlary bilen bagly janly tebigaty gorap saklamakdyr. Bu ýer diňe bir tokaýlar we çäkli ösümlikler bilen däl, eýsem müňlerçe guşlaryň göçýän, dynç alýan we höwürtge gurýan sebitleriniň biri hökmünde hem tanalýar. Şeýlelikde, Amyderýa döwlet goraghanasy türkmen tebigatynyň çäkli, emma örän baý we täsin bölegini öz içine alýar.

Köýtendag döwlet goraghanasy bolsa Lebap welaýatynyň ady belli Köýtendag etrabynda ýerleşýär. Bu goraghanada ýurdumyzyň iň beýik nokady — Aýrybaba dagy ýerleşýär. Şeýle-de bolsa, goraghananyň gymmatlylygy diňe daglar bilen çäklenmeýär. Bu ýerde Garlyk gowaklary ýaly geologik täsinlikler, şeýle-de diňe şu sebite mahsus ösümlik we haýwan görnüşleri ýaşaýar. Köýtendag goraghanasy 1986-njy ýylda döredilip, daglyk we çöllük ekoulgamlarynyň birleşýän ýeri hökmünde tapawutlanýar. Bu ýerde guşlaryň we ýabany haýwanlaryň birnäçe görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Bu döwlet goraghanalary, Hojapil ýaýlasy we Garlyk gowaklary bilen birlikde, Lebap welaýatyny diňe bir syýahatçylyk däl, eýsem ylmy we ekologik taýdan hem örän gymmatly sebite öwürýär.