Lexus we Toyota — ulanylan awtoulaglaryň iň ygtybarlysy diýlip ykrar edildi

Maý 6, 2025 - 17:08
Lexus we Toyota — ulanylan awtoulaglaryň iň ygtybarlysy diýlip ykrar edildi

2025-nji ýyl üçin ulanylan awtoulaglaryň arasynda iň ygtybarly markalar kesgitlenildi. Amerikanyň meşhur Consumer Reports žurnaly tarapyndan geçirilen barlagyň netijelerine görä, ýapon awtoulag öndürijileri ýene-de öňdebaryjy orunlary eýelediler.

Netijeleriň esasynda taýýarlanan maglumatlar Visualcapitalist platformasynda infografika görnüşinde hödürlenildi. Bu barlagda soňky 12 aýyň dowamynda awtoulaglarda ýüze çykan näsazlyklar we tehniki meseleler bilen bagly ulanyjylaryň pikirleri toplandy. Hasaba diňe 2015–2020-nji ýyllarda öndürilen awtoulag modelleri alyndy.

Sanawda birinji orny Toyota Motor kompaniýasynyň ýokary derejeli Lexus markasy eýeledi. Ikinji orunda bolsa şol bir kompaniýanyň esasy markasy bolan Toyota ýerleşdi. Şeýle-de bolsa, ilkinji bäşlige başga ýapon markalary — Mazda, Honda we Acura hem girmegi başardy.

Bu netije ýapon awtoulaglarynyň diňe täze däl, eýsem ulanylan görnüşleriniň hem ygtybarlylyk boýunça ýokary baha alýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu bolsa köp sanly sürüjiniň ulanylan awtoulag satyn aljak bolanda ilkinji nobatda bu markalara ýüzlenýändiginiň sebäbini düşündirýär.