Türkmenabatdaky «Zerger» demirbeton kärhanasy: senagat ösüşiniň nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döwrebap senagat düzümleri döredilip, olaryň ösüşine uly maýa goýumlary yzygiderli gönükdirilýär. Bu bolsa beýleki senagat harytlary bilen birlikde gurluşyk önümleriniň hem öndürilişiniň artmagyna uly täsir edýär. Türkmenabat şäherindäki "Zerger" demirbeton önümleri zawodynda hem gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Türkmenabatdaky «Zerger» demirbeton kärhanasy: senagat ösüşiniň nusgasy

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda işe başlan bu baýry kärhananyň 2016-njy ýylda durky täzelenip, önümçiligi döwrebap tehnologiýalar bilen baýlaşdyryldy. Häzirki wagtda 29 gektara golaý meýdany eýeleýän bu senagat kärhanasy her ýylda 50 müň kub metr demirbeton önümlerini öndürmäge ukyplydyr.

    Zawodyň çäginde armatur, keramzit, keramiki kerpiç, tebigy derýa çägesi öndürýän, şeýle-de galypllaýjy we betongaryjy bölümler hereket edýär. Önümçilik bölümlerinde öz işine ussat 200-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Türkiýäniň we Russiýanyň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan önümçilikde esasy işler sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly dolandyrylýar.

Kärhananyň ýolbaşçysy Atamyrat Weliýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu ýerde demirbeton önümleriniň 10-dan gowragy öndürilýär. Şeýle hem “Gurmak ömürden” şygary bilen Zergär “Demirbeton” kärhanasy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.

Şu günler kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan Türkmenabat şäheriniň Amul etrapçasynda 4 sany 4 gatly 32 öýli, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde 26 sany 4 gatly 32 öýli, şeýle-de Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde 4 sany 4 gatly 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işleri gyzgalaňly dowam edýär.

Ýylyň ilkinji dört aýynda zawodyň işgärleri ýokary netijeleri gazandylar. Bu döwürde gurnama demirbeton önümleriniň 8 müň 624 kub metri öndürilip, meýilnama 103,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem harytlyk betonuň 1 müň 932 kub metri, keramzitiň 6 müň 331 kub metri, derýa çägesiniň hem 11 müň 930 kub metri öndürilip, ösüş depgini 107,6 göterime ýetdi. Jemi önümçilikleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 18 million 741 müň 52 manada deň boldy.

Önümleriň hil derejesi zawodyň barlaghanasynda Arzuw Ýagmurowanyň ýolbaşçylygynda döwrebap tehnologiýalar arkaly ýokary derejede gözegçilikden geçirilýär. Önümleriň hiliniň ýokarylygy olaryň geçginliligini artdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Kärhanada halypa-şägirtlik ýoly hem üstünlikli alnyp barylýar.

Baş inžener Nuretdin Asadow, demir ussasy Rozymyrat Esenow, galypllaýjysy Altybaý Beşimow, ýük awtoulag sürüjisi Eminjan Ýagmurow ýaly tejribeli işgärler ýaş hünärmenleri zähmet ýoluna ugrukdyrmakda görelde bolup hyzmat edýärler. Zähmet adamlar döwrebap mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.