Türkmen çölüň bezegi: halkyň gadyrlaýan baýlygy — düýe
Türkmen halky gadymy zamanlardan bäri tebigat bilen sazlaşykly ýaşaşyp, ýaşaýyşda peýdaly haýwanlara aýratyn hormat goýupdyr. Olaryň arasynda bolsa, çölüň çetin şertlerine örän uýgunlaşan, köp ugurda peýdaly bolan düýe maly aýratyn orun eýeläp gelýär.

Düýeler çydamlylygy, peýdalylygy hem-de halk hojalygyndaky wajyp roly bilen tapawutlanýar. Olar diňe bir ulag we ýük daşaýjy hökmünde däl, eýsem, süýdi, eti, ýüňi ýaly köpugurly önümleri bilen hem halkymyzyň durmuşynda mynasyp ýer alýar.
Düýäniň ýaz paslynda gyrkylýan ýüňi uzynlygy, çeýeligi we ýylylygy bilen ýokary hil derejesine eýedir. Bu bolsa, oňa tekstil senagatynda aýratyn baha berilmegine sebäp bolýar. Şeýle hem, onuň giň aýaklary we ýumşak aýak tabany çägeli ýerlerde aňsat hereket etmegine mümkinçilik berýär.
Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hojyýew adyndaky daýhan birleşiginiň düýe darakçylyk hojalygy hem şu günlerde halk hojalygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde üstünlikli iş alyp barýar. Bu hojalykda 800 düýe saklanylýar, olaryň 291-si ene düýeler bolup, şu ýylda 120 köşek alnandygy hoş habar hökmünde bellenilýär.
Hojalygyň ýolbaşçysy Hydyr Gutlyýewiň belleýşi ýaly, düýeleriň ähli önümleri — süýdi, ýüňi, eti döwlet tabşyrygy boýunça ýerlenýär. Bu bolsa sarp edijilere ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Düýe maldarçylygy diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, milli däp-dessurlarymyzy, çarwa durmuşymyzy dowam etdirýän möhüm ugurlaryň biri bolup
durýar.