Energetika — ösüşiň hereketlendiriji güýji

Adamzadyň aňynyň ösdügiçe, onuň islegleri artýar we täze döwrüň talaplary öňe çykýar. Häzirki zaman dünýäsi tehnologiýalaryň, ylmyň we ykdysady ösüşiň depginli ösýän döwründe energetika esasy hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Energiýanyň dürli çeşmeleri bolup, olaryň netijeli we tygşytly peýdalanylmagy ýurtlaryň ykdysady taýdan ösüşine, halklaryň abadan we howpsuz geljeginiň üpjün edilmegine uly täsir edýär.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy bu ugurda aýratyn orny eýeleýär. Tebigy baýlyklara baý bolan ýurdumyz dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orunda durýar hem-de gaz eksport edýän ýurtlaryň ilkinji onlugynyň hatarynda görkezilýär. Bu bolsa halkymyzy buýsandyrýan we ýurdumyza ykdysady kuwwat berýän hakykatdyr.
Tebigy baýlyklar — nebit we gaz — sarp edilýän, ýagny tükenýän çeşmelerdir. Şonuň üçin hem bu serişdeleri netijeli peýdalanmak, olaryň ätiýaçlyk gorlaryny tygşytly ulanyp, geljek nesillere hem ýetirmek möhüm wezipedir. Energiýa serişdeleri taýdan garaşsyz bolmadyk ýurtlar, şol sanda Ýewropa döwletleri we Kanada ýaly döwletler, eýýäm 25–35 ýyl mundan ozal öz energiýa üpjünçiliginiň geljegi hakynda alada edip, täzeçe çözgütleri gözläp başladylar. Olar dürli alternatiw energiýa çeşmelerini, şol sanda agaç galyndylaryndan dizel ýangyjyny öndürmegi, slanes gazyny çykarmagy, hatda gün we ýel energiýasyny ulanmagy ýola goýdular.
Gün we ýel energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri häzirki wagtda dünýäde «ýaşyl» energiýa hökmünde giňden ornaşdyrylýar. Bu energiýa görnüşleriniň ekologiýa taýdan arassa bolmagy we daşky gurşawa ýetirýän zyýanynyň pesligi bilen tapawutlanýar. Şeýle energiýa çeşmeleri gün şöhlesinden, ýelden, suwdan, biomassadan hem-de ýörite ösdürilip ýetişdirilýän ösümliklerden alynýar.
Bu mümkinçiliklerden ugur alyp, ýurdumyzda ylmy-tehnologik özgertmeler hem giň gerimde alnyp barylýar. Garagum sährasynda, mysal üçin, çopanlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen ýel degirmenleri ulanylýar. Gün energiýasy bilen işleýän enjamlaryň kömegi bilen elektrik toguny toplamak, saklamak we birnäçe günläp ulanmak mümkinçilikleri döredilýär. Munuň üçin bolsa ýeliň akymyny, ugruny anyk ölçemek, amatly ýerleri tapmak ýaly ylmy esasly işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy açyşlar we innowasion işler ykdysady ösüşe, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna, daşky gurşawy goramaga we netijede «ýaşyl» geljegi gurmaga gönükdirilendir. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri diňe bir energiýa üpjünçiligi meselesini çözmän, eýsem, ekologik howpsuzlygyň hem esasy sütüni bolup hyzmat edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň geljegi üçin uly ähmiýete eýedir.