Madridiň “Real” futbol kluby “Ýylyň topary” hökmünde ykrar edildi

Madridiň “Real” futbol kluby “Ýylyň topary” hökmünde ykrar edildi

Apr 23, 2025 - 10:39
Madridiň “Real” futbol kluby “Ýylyň topary” hökmünde ykrar edildi

Madridiň “Real” futbol kluby “Laureus World Sports Awards 2025” dabarasynda “Ýylyň topary” diýen abraýly baýraga mynasyp boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçirildi.

Bu ugurda baýrak üçin dalaş edenler:

  • “Boston Seltiks” (basketbol, ABŞ)

  • “Barselona” (zenanlar futboly, Ispaniýa)

  • “Maklaren” (awtosport, Beýik Britaniýa)

  • Ispaniýanyň futbol boýunça milli erkekler ýygyndysy

  • ABŞ-nyň basketbol boýunça milli erkekler ýygyndysy

Laureus baýragynyň nominasiýalarynyň gysga sanawy 70-den gowrak ýurtdan 1000-den gowrak sport KHBS-iniň ses bermegi bilen düzülýär. Ýeňijiler bolsa “Laureus Bütindünýä Sport Akademiýasy” tarapyndan kesgitlenýär.