Hytaý elektromobilleri näme üçin Ýewropanyňkydan has özüne çekiji bolup görünýär?

Soňky ýyllarda Hytaýyň awtoulag senagaty diňe bir tehnologiki taýdan däl, eýsem dizaýn taýdan hem dünýäniň öň hatarlaryna çykdy. Elektrik ulaglary babatda bu ýurt diňe bir öndürijilikde däl, eýsem estetiki görnüşde hem Ýewropaly ýoldaşlaryny yzda galdyrýar. Munuň baş sebäbi bolsa – kärdeşlerine garanyňda döredijilikde has giň ussatlyga eýe bolan dünýä belli dizaýnerlerdir.
Hytaýyň iň öňdebaryjy elektromobil brendleriniň – BYD, NIO, XPeng, Hongqi, Avatr, LeAuto we Zycor ýaly markalaryň – başynda öň Bentley, Audi, Rolls-Royce, Porsche, BMW, Lamborghini ýaly dünýä belli kompaniýalarda işläp gören dizaýnerler durýarlar.
Mysal üçin:
-
BYD brendi üçin häzirki stilini döredýän adam – Wolfgang Egger, öň Audi we Lamborghini üçin baş dizaýner bolup işläpdi. Ol häzirki wagtda BYD-nyň ýokary derejeli Denza we Yangwang modellerini hem dizaýn edýär.
-
Zycor brendiniň baş dizaýneri Stefan Zylow, Bentley we Audi kompaniýalaryndaky tejribesinden soň, klassiki stillerden ýüz öwürip, brendi tanadýan batyrgaý we radikal çyzyklara esaslanýan täze stil döretdi.
-
Hongqi brendi bolsa öň Rolls-Royce-da işlän Giles Tayloryň ussatlygy bilen täze ösüşlere ýol aldy. Ol bu ýerde has erkin işläp, täze modelleri döredýär.
-
Avatr brendiň baş dizaýneri Nader Faghihzadeh öň BMW-de işläpdi, häzirki wagtda bolsa brendiň futuristik – ýagny geljegiň görnüşine meňzeýän modellerine jogapkärçilik çekýär.
-
XPeng-iň dizaýny hem dünýä belli iki ussatlar ispan dizaýneri JuanMa López (Audi, Lamborghini, Ferrari, Genesis) we Rafik Firak (Honda, Acura) tarapyndan işlenilýär.
Bu dizaýnerleriň Hytaýda işlemeginiň sebäbi – bu ýerde olaryň pikirlerine giň ýol açylýar.
Şonuň üçin häzirki wagtda dünýäde göze ilýän iň täsirli we döwrebap awtoulaglaryň köpüsi – Hytaýda dünýä belli dizaýnerler tarapyndan döredilen modellerdir.