Robotlar bilen adamlaryň ýaryşy

Robotlar bilen adamlaryň ýaryşy
Pekin, HHR

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde dünýäde ilkinji gezek adamlar bilen robotlaryň arasynda ylgaw ýaryşy guraldy. Bu ýaryş 21 kilometr uzynlykdaky ýolda geçirildi, bir tarapynda türgenler, beýleki tarapynda bolsa iki aýakly adam şekilli robotlaryň 20-den gowragy ýerleşdi. Ýaryşyň dowamynda türgenlere suw beriş ýaly, robotlara hem batareýalaryny çalyşmaga rugsat berildi. Ylgaw sprint, päsgelçilikli ylgaw we ýapgyt aralyk ýaryşlaryny öz içine aldy. Robotlar päsgelçilikleri geçip bilseler-de, olaryň ylgaw görkezişleri we netijeleri adamlar bilen deňeşdirilende pes boldy. Inženerler indi olaryň hil-sypatlaryny gowulandyrmak üçin iş alyp bararlar.