Dünýäniň iň ýaş döwleti

Günorta Sudan dünýäniň iň ýaş döwleti hasaplanýar. 2011-nji ýylyň iýulynda garaşsyzlygyny gazanan bu ýurt, takmynan 644,329 inedördül kilometr meýdany eýeleýär. Ýurdyň ilatynyň sany 12,7 million adama golaý bolup, olar birnäçe etnik toparlara bölünýär. 10 ştata we 3 dolandyryş çäklerine bölünen Günorta Sudanyň resmi dili iňlis dilidir. Ýurdyň demirgazygynyň Sahara çöli, Nil, Baro we Pibor derýalary, sawanna we tropiki tokaýlar ajaýyp ekoulgamyny emele getirýär hem-de jahankeşdeleri özüne çekýär.