Taryhyň sahypalaryndaky hazyna

Maý 9, 2025 - 08:57
Taryhyň sahypalaryndaky hazyna
XIX asyrda iki burç pawilýony görnüşindäki binagärlik stilinde gurlan bina

Fransiýanyň Milli Kitaphanasy dünýäniň iň gadymy we baý kitap hazynalarynyň biridir. Onuň döreýşi fransuz şalarynyň şahsy kitaphanalary bilen başlanýar. Taryh boýunca bu kitaphana dürli atlar bilen tanalypdyr: “Korolyň kitaphanasy”, “Korollyk kitaphanasy”, “Imperator kitaphanasy” we häzirki wagtda “Milli kitaphana”.

Ilkinji golýazmalar ýygyndysy Pipin Gysganyň döwründe peýda bolupdyr. Soňra Beýik Karl özüne kiçi kitaphana döredýär, emma onuň ölümi bilen bu topar dargapdyr. Lýudowik XI bolsa täzeden uly kitaphana döredip, ony dini jemgyýetlere miras galdyrýar. Kitaphananyň resmi esaslandyryjysy hökmünde Karl V Parasatly (XIV asyr) tanalýar. Ol kitaphanany diňe özüne däl, eýsem alymlar üçin hem açyk edipdir. 1367–1368-nji ýyllarda kitaphana Luwr galasynyň Laçyn diňine göçürilýär. 1373-nji ýylda ilkinji kitap sanawy düzülýär, ýöne şol döwürden galan 1200 golýazmanyň diňe az bölegi häzirki döwre çenli saklanyp galypdyr.

Lýudowik XII kitaphanany Blua şäherine geçirip, täze toplumlar goşýar. Onuň işi Fransisk I tarapyndan dowam etdirilýär. Ol kitaplary satyn almak we göçürmek üçin alymlary daşary ýurtlara ugradypdyr. 1523-nji ýylda kitaphana Fonteblo galasyna geçirilýär. 1537-nji ýylda Fransiýada çykarylan her bir kitabyň bir nusgasynyň kitaphanada saklanmagy hökmany edilýär. 1539-njy ýylda kitaphana ilata elýeterli bolýar. Genrih II döwründe bu düzgün giňeldilýär – neşirleriň iki nusgasy hökman tabşyrylmalydyr. Karl IX döwründe kitap sany 3560-a ýetýär we kitaphana Fonteblodan Pariže göçürilýär.

Soňlugy bilen kitaphana ösmegini dowam etdirip, dünýäniň iň baý kitap toplumlarynyň birine öwrülýär. 1988-nji ýylda onuň esasy fondy Parižiň XIII okrugyndaky täze binada ýerleşdirilýär.