Möwsümiň soňky akordy: Wroslawda final

Ýewropa futbol toparlarynyň arasynda geçirilýän Konferensiýa Ligasynda hem final oýnunda oýnajak toparlar belli boldy. Şwesiýanyň Ýurgorden topary Angliýanyň Çelsi toparyny kabul edip, oýun myhmanlaryň hasabyna 0:1 hasap bilen tamamlandy. Oýunyň ýeke-täk goluny Kirman Dýusberri Hol Taýrik Jorj beren ýardam pasyndan geçirdi.Birinji duşuşyk hem aristokratlaryň 4:1 hasap bilen ýeňendigini bellemek gerek. Ýene bir duşuşyk Italiýanyň Fiorentino topary bilen Ispaniýanyň Beriş toparynyň arasynda geçirildi. Birinji duşuşykda Betis topary 2:1 bilen ýeňiş gazanan bolsa, jogap oýunda ýer eýeleri 2:1 bilen ýeňip umumy hasaby 3:3 ýetirdiler. Oýunda ýer eýelerinden iki goly derwezä geçiren Gosens bolsa myhmanlardan Antonynyň goly bilen jogap berdiler. Oýundaky netije deňlik bilen tamamlanandygy sebäpli, oýnuň ýeňijisi goşmaça wagtda kesgitlener. Goşmaça berlen wagtyň 97-nji minudynda Ezzalzouli hasaby deňlemegi başardy we umumy hasapda 3:4 myhmanlar öňe çykdy. Oýun myhmanlaryň finaly çykmagy bilen tamamlandy. Final oýuny 2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Polşa döwletiniň Wroslaw şäherindäki adybir stadionynda geçer. Duşuşykda Ispaniýanyň Betis topary Angliýanyň Çelsi toparyny kabul eder.