"Ýüpek" kärhanasy ýylyň ilkinji dört aýyndaky önümçilik meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdi

Türkmenabat, 2025-nji ýylyň maý aýy — Türkmenabadyň “Ýüpek” önümçilik birleşigi şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda önümçilik meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirip, öndürilýän önümleriň möçberiniň durnukly ösüşini görkezdi.

Maý 24, 2025 - 08:31
"Ýüpek" kärhanasy ýylyň ilkinji dört aýyndaky önümçilik meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdi

Kärhananyň habaryna görä, bu döwürde 24 tonnadan gowrak çig ýüpek gaýtadan işlenildi. Şeýle hem, 3 million 484 müň inedördül metr pagta matasy, 37 müň inedördül metr ýüpek matasy we 87 inedördül metr ýüpek halysy öndürildi.

Işläp çykarylan önümleriň umumy bahasy 32 million 940 müň manat boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň 123,5 göterim ösüşini üpjün etdi.

Önümçilikde ýokary netijeleri gazanmak zähmetiň netijeli guramaçylyk derejesiniň, önümçilik enjamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde mümkin boldy.